Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar
bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň
Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Walentina
Matwiýenko bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa
Federasiýasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary we netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady hem-de bu
gatnaşyklary ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi. Şeýle-de
myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly
täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, Russiýa
Federasiýasynyň Prezidentiniň Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize
iberen mähirli salamyny ýetirdi we Prezident Wladimir Putiniň GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran
saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip,
RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna ýurdumyza gelmek
baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu saparyň
möhüm waka bilen utgaşýandygyny — 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisine
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasyna synçy derejesini bermek hakyndaky meseläni bu Assambleýanyň öňde
boljak mejlisiniň gün tertibine girizmek baradaky haýyş bilen Walentina
Matwiýenko hat iberilendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri
Türkmenistanyň Mejlisine bu derejäni bermek baradaky teklibiň W.Matwiýenkonyň
şahsy başlangyjydygyny aýratyn nygtap, ýurdumyzda bu başlangyja ýokary baha berilýändigini
aýtdy hem-de munuň üçin RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna
minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy ähli halklaryň däp-dessurlaryny, adatlaryny,
medeni-ruhy gymmatlyklaryny ilerletmekde Walentina Matwiýenkonyň şahsy
goşandyny belläp, Russiýada şu ýylyň «Russiýanyň halklarynyň agzybirligi ýyly»
şygary bilen geçýändigini, ýurdumyzyň bu ýörelgeleri goldaýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem köpmilletli halkynyň agzybirliginiň,
raýatlarynyň jebisliginiň we raýdaşlygynyň, jemgyýetdäki ylalaşygyň,
parahatçylygyň döwlet syýasatymyzyň özeni, daşary syýasy ugrumyzyň ygtybarly
daýanjy bolup durýandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň
bilelikdäki işi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda iki tarap hem A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän
bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň täze binasyny gurmak, Türkmen-rus
uniwersitetini döretmek, paýtagtymyzda A.S.Puşkin adyndaky teatryň täze
binasyny hem-de Dostluk binasyny gurmak ýaly başlangyçlary durmuşa geçirmek
üçin köp işleri alyp barýar.
Häzirki
wagtda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny, Türkmenistanyň Russiýanyň
sebitleri, hususan-da, Sankt-Peterburg şäheri, Tatarystan Respublikasy,
Astrahan oblasty bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Gahryman Arkadagymyz tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine iki ýurduň
parlamentleriniň hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan örän oňyn we netijeli diýip
baha berdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy 2027-nji ýylda möhüm wakanyň — Türkmenistan bilen
Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35
ýyllygynyň belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
Mejlisiniň, RF-niň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň dostluk hem-de
hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýörite bilelikdäki mejlisini, bu senä bagyşlanan
çäreleri geçirmek, olara iki ýurduň parlamentarileriniň gatnaşmagy we şunuň
bilen bagly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada teklip beýan
edildi. Gahryman Arkadagymyz bu meselä seretmegi hem-de ylalaşylan ýagdaýynda,
degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri şu günler Türkmenistanda birnäçe iri, möhüm çäreleriň
geçirilýändigini we olara Walentina Matwiýenkonyň hem gatnaşýandygyny belläp,
munuň üçin RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna
minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Arkadagymyz bu çäreleriň iň esasysynyň
Walentina Matwiýenkonyň başlyklyk etmeginde geçirilýän GDA gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisidigini
aýdyp, göz öňünde tutulan ähli meýilnamalaryň ýerine ýetiriljekdigine hem-de
möhüm we oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
Walentina
Matwiýenko GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu çäräniň Arkalaşygyň döredilmeginiň 35
ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň GDA-da
başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça wajyp çözgütleriň kabul
edilendigini aýtdy.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko dostlukly
döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.