milli goshun logo
Ýurduň KHBS-niň neşir önümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maslahatlaşmalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Ýurduň KHBS-niň neşir önümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maslahatlaşmalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
03.06.2020 847 Habarlar

2-nji iýunda “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlük Türkmenistanyň KHBS-niň neşir önümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maslahatlaşmalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrylyş dabarasy öz işine başlady. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan “KHBS ulgamynda reformalary durmuşa geçirmekde ýardam bermek hem-de KHBS barada kanunçylygy kämilleşdirmek” atly taslamanyň çäklerinde guraldy.

Çäräniň barşynda, halkara bilermenler öz çykyşlarynda sanly ulgamyň täze görnüşleri, gazetleriň sanly ulgama geçmegi, redaksiýalaryň gaýtadan gurnalmagy, bu ugurdaky işgärleriň hünär okuwlary, sanly abuna ýazylyş we gazet saýtlarynyň dürli çeşmelerden maliýe serişdelerini almagynyň umumy usullary, şeýle hem sanly eýýamda metbugat-gulluklarynyň ähmiýetleri, jemgyýetçiligi habardar etmegiň onlaýn gurallary, döwlet edaralarynyň kommunikasion strategiýalary we täzelik-habar işiniň beýleki möhüm meseleleri bilen birlikde bu derwaýys işiň giň toplumy barada aýtdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasy öz işini 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda hem dowam eder.