milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
12 sagat öň 20 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy.

Türkiýeli işewür türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine we durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere buýsanýandygyny belledi. Şeýle hem ol döwlet tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, hususan-da, türk kompaniýalary üçin döredilýän amatly şertleri özlerine bildirilýän uly hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işlejek sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam etdirjekdigine berk ynam bildirildi.

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň kyblasynyň aradan çykandygy sebäpli duýgudaşlyk bildirilip, aýat okaldy. Onda merhumyň imanynyň hemra, jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy dileg edildi. Munuň özi türkmen halkynyň ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär.

Türkiýeli işewür Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.