Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny
amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna ugramak üçin Halk
Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde
Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Häzirki wagtda Diýarymyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady
we senagat taýdan ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň
gerimli işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de
ýokarlandyrylmagynda möhüm orna eýedir. Ýurdumyz energetika ulgamynda ähli
gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet
berýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käni Watanymyzyň
tebigy-serişde binýadynyň wajyp bölegi bolup, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini üpjün etjek esasy gaz gory bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan
oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk
ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli
amala aşyrýar. Türkmenistan bilen goňşy Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar
dostlugyň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ulag-logistika,
elektroenergetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler.
...Gahryman Arkadagymyz birnäçe wagtdan Mary şäheriniň
Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady.
Soňra Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat
şäheriniň «Islim-Çeşme» serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu
ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň hem-de
Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýerde
hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar
bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen salamlaşdylar. Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça
orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny
mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň
owgan we türkmen halklarynyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna, medeni-ruhy
gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge
goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň owgan halkyna berýän yzygiderli
ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, döwlet Baştutanymyzyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi
hem-de türkmen we owgan halklarynyň doganlyk halklardygyny, Türkmenistanyň
Owganystan bilen serhediniň bolsa dostluk serhedidigini nygtady. Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesine esaslanyp, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň
üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň Owganystan
bilen iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny
tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan
Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan
hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar
bilen ýazylýar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň
gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar
Gahryman Arkadagymyzy mübärekläp, sebitde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýagdaýy
bilen tanyşmak we bu ugurda öňde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin
Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyrýan saparynyň ähmiýetini belläp, tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň
arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri
esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda bilelikdäki taslamalara aýratyn orun
degişlidir.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň TOPH
taslamasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we
optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerine diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl,
eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge
goşant goşjak möhüm ädim hökmünde hem garaýandygy bellenildi.
Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa
geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin energiýa çeşmeleri babatda uly
ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, owganystanly maýa goýujylara
tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin amatly maýa goýum şertlerini
üpjün etjekdigini aýtdy. Ol TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da
ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli
hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny
belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň
tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky
hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitiň
üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu
ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklara oňyn
täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitara özara baglanyşygyny
pugtalandyrmaga-da ýardam berer. Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür
toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri,
işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we
hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan
etdi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen myhmansöýerlik üçin öz
adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk
bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň
abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň
Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda
ýangyç-energetika, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika
ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu
ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem-de Owganystan
hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly
hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Gaz pudagy özara gatnaşyklaryň
möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda halkara ähmiýetli düýpli
infrastruktura taslamalary amala aşyrylýar. Şunda üstaşyr geçiriji merkez
hökmünde Owganystanyň Hyrat welaýatyna möhüm orun degişlidir. Energiýa
serişdeleriniň iberilmegi, üstaşyr mümkinçilikleriň ösdürilmegi uzak möhletli
energetika dialogy üçin binýady döredip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşine ýardam
berýär. Şu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň ähmiýetini bellemek gerek. Bu transmilli taslama Türkmenistanyň
milli ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen
energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde wajyp ädimdir hem-de tutuş sebitiň
durnukly ösüşine, doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir.
Elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk ugurdaş
infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, goňşy ýurduň sebitlerini elektrik
energiýasy bilen yzygiderli üpjün etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy
boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça
elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň
ähmiýetini nygtamak gerek. Bu taslama sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron
maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şunda Owganystanyň
Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda
Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi bilen,
bu welaýatda uly senagat zolagyny özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak
boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň
döredilmeginde, goňşy ýurtda abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm bolup
durýar.
Ulag-logistika pudagy Merkezi we Günorta Aziýany
baglanyşdyrýan wajyp ulgam bolup durýar. Bellenilişi ýaly, yklymara
geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag
geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini döretmek, Demirgazyk — Günorta,
Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge
gatnaşmak, hususan-da, Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan
dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen
baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi.
2017-nji ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe
halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol
çekildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu geçelgäni
işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe
teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, Milli Liderimiz ulag geçelgesine gatnaşyjy
ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek hem-de bilelikdäki
hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmegi, ýükleriň
ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda deňiz menzillerini, demir ýol
beketlerini we awtomobil menzillerini ösdürmäge aýratyn üns bermegi, Owganystan
— Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna
ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň ýöredilmegini, «Bir penjire»
ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny
ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamagy teklip
edipdi. Bu multimodal ulag geçelgesi Ylalaşyga gatnaşyjy döwletlere Merkezi we
Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine
alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge, olaryň uly
ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Beýik
Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeltmekde uly ähmiýete eýedir.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçinem giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak,
dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat
hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine
seredildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary
okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Munuň özi bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň
aýdyň nusgasy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada
aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň
möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny
döretmegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň owgan tarapynyň
beýan eden tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdyp, ýurdumyzyň özara bähbitli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, mukaddes Gurhandan
aýatlar okaldy. Soňra Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi
boýunça ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.
Häzirki wagtda bu ägirt uly taslamanyň möhüm
tapgyrynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
tagallalary bilen satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-e golaýy
işledilýär. Bu ýerde gurluşykçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler
döredilýär. Munuň özi gurluşygyň bellenilen möhletde, ýokary hilli ýerine
ýetirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen gazçylary Milli Liderimize hem-de
hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan edýärler.
Soňra «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň
«Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama
gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky
gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ähtnama esasynda taraplar Hyrat
welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik
stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp
barmak barada ylalaşdylar.
Dabara tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli
Lideri we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler
boýunça orunbasary bilelikde şu günki waka mynasybetli toý sadakasyna
gatnaşdylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen
hoşlaşyp, bu ýerden Mary şäherine bardy. Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde
Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Paýtagtymyzyň Halkara
howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurdumyzyň resmi
adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan goňşy
döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň
özi ähli ugurlarda durnukly ösüşi üpjün edýär.