Mähriban uçurymlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri
taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasyny, ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini
üstünlikli tamamlamagyňyz hem-de ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik
derejesine eýe bolup, zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini,
maksatlaryny, wezipelerini pugta berjaý etmek, milli gymmatlyklarymyzy,
raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny hem-de döredijilikli zähmetini
goramak, jemgyýetimizde kanunyň hökmürowanlygyny dabaralandyrmak siziň mukaddes
borjuňyzdyr. Berkarar Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň,
çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet
serhedimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň
ygtybarly goragyny üpjün etmekde, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde
gadamyňyzyň batly, buýsançly başyňyzyň belent bolmagyny, jogapkärli
gullugyňyzda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.
Merdana Watan goragçylary!
Watan ynsan üçin mukaddeslikleriň
naýbaşysydyr. Çünki halkymyzyň dilde sena, başda jyga deňäp togap edýän ähli
gymmatlyklary Watanda jemlenendir. Watana gulluk etmek, ömür örküňi baglamak
hem-de ykbalyňy onuň hyzmatyna bagyş etmek, keremli topragyň her daban ýerini
gözüň görejine deňäp, wepadarlyk, harby kasama ygrarlylyk bilen goramak belent
mertebedir. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralaryň
harby gullukçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş
şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
ýokary derejede baýram edilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we
hukuk goraýjy edaralaryň düzüm birliklerinde täze binalar toplumlarynyň,
desgalaryň ulanmaga berilmegi hem ýurt goraýan edermen gerçeklerimiz hakyndaky
aladanyň aýdyň güwäsidir.
Bu gün Garaşsyz Diýarymyzyň ýaşyl
tugy ýurt goramaga kasam eden edermen, batyr hem-de gaýratly Watan ogullarynyň
elinde belentde parlaýar. Bu buýsanç we ynam her bir işde, her bir pursatda
sizi üstünliklere ruhlandyrmalydyr, täze belentliklere galkyndyrmalydyr. Çünki
siz Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar,
Soltan Jelaleddin, Keýmir serdar ýaly şan-şöhratly ata-babalarymyzyň
nesillerisiňiz. Olaryň watanperwerlik ýörelgesine ygrarly bolup, ýurt goran
gerçeklerimiziň mertlik mekdebini dowam etdirmek siziň üçin mukaddes borç
bolmalydyr.
Siziň eziz Watanymyz
Türkmenistanyň demir galasy we polat galkany boljakdygyňyza, il-günümiziň
asudalygyny, mukaddes serhetlerimiziň mizemezligini eserdeňlik bilen
gorajakdygyňyza, gullugyňyzda ýokary netijeleri görkezjekdigiňize, şeýle belent
hem-de asylly maksatlar üçin, gerek bolsa, şirin janyňyzy-da gaýgyrman, wepaly
gulluk etjekdigiňize tüýs ýürekden ynanýaryn.
Hormatly serkerdeler,
professor-mugallymlar!
Harby hünärmenleriň ýokary
taýýarlykly, beden hem-de ruhy taýdan berk, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman
bilimlerinden habarly bolmagy milli goşunymyzyň goranyş ukybynyň belent
derejesini kesgitleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň hünär taýýarlygyny
ýokarlandyrmaga, olary döwrüň gazananlary bilen aýakdaş, mert pederlerimiziň
şan-şöhratyna mynasyp watanperwerlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns
berilýär. Watan goragçylarynyň bilim-başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de hünär
derejelerini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny halkara tejribeleriň
häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň hünär bilimleriniň nazary
we amaly usullaryny dogry gurap bilmek ussatlygyny artdyrmak, harby-syýasy
düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň, tehnikanyň, sanly ulgamyň
mümkinçiliklerine daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça bilim-sowat
bermek siziň esasy wezipäňizdir. Siziň geljekde hem bu jogapkärli wezipäni uly
abraý bilen ýerine ýetirip, ylymly-bilimli, päk ahlakly, beden taýdan sagdyn,
ruhy taýdan kämil watançylary terbiýeläp ýetişdirjekdigiňize berk ynanýaryn.
Hormatly uçurymlar!
Siziň ähliňizi Harby akademiýany
we harby ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, egsilmez bagtyýarlyk,
maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri
arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň
Belent
Serkerdebaşysy
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.