Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň
Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe
ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek
boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.
Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň,
ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara
guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň,
iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň
wekilleri gatnaşdylar.
Enäniň we çaganyň saglygyny goramak Türkmenistanyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, ýurdumyzyň
jemgyýeti sazlaşykly ösdürmäge, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün
etmäge gönükdirilen durmuş strategiýasynyň esasyny düzýär. Şu gezekki
ýokary derejeli milli “tegelek stol” maslahaty hem bu strategik ähmiýetli
ulgamda alnyp barlan köpýyllyk işleriň jemini jemlemek we täze
ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdançadyr. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa
geçirilýän giň gerimli özgertmelerde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet
adam üçindir!» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde
eneler we ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada diňe bir lukmançylyk
wezipesi däl-de, eýsem, uzak möhletli durnukly ösüşiň hem möhüm şerti
hökmünde garalýar.
Kadalaşdyryjy hukuk binýady, şol sanda Türkmenistanda
eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn
çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama
bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele
getirýär. Bu strategiýa çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri
anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni
almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyz
boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň
döredilmegi döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller barada edilýän
aladanyň netijesidir. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarda
gurlan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler ýokary
standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar.
Durmuş goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir.
Gazna çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen we ýöriteleşdirilen lukmançylyk
bejergisini almaga mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermekde haýyr-sahawat
işini alyp barýar. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga öňdebaryjy
hassahanalarda çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary amala aşyryldy.
Gaznanyň bu asylly işi çagalara jemgyýetiň durmuşyna doly derejede
goşulyşmaga, olaryň ene-atalaryna bolsa ertirki güne ynam bilen garamaga
mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna
hassahanalaryň we ýöriteleşdirilen edaralaryň çagalar bölümleri
döwrebap lukmançylyk enjamlary, «Tiz kömek» awtoulaglary, zerur
lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.
BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen köpýyllyk
hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm
bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan
çagalaryň saglygyny berkitmäge, irki ösüşini goldamaga gönükdirilen
maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň
bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde ählumumy immunizasiýa,
çagalary dogry iýmitlendirmek standartlaryny ornaşdyrmak boýunça
maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu düzüm ýurdumyzyň ýokanç
keselleriň öňüni almakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha
berýär. Şeýle hem bilelikdäki taslamalar çagalaryň hukuklaryny goramak
ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, lukmançylyk işgärleriniň
hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen
BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy
milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr
boldy. Resmi taýdan berkidilen bu strategik hyzmatdaşlyk gaznanyň
ynsanperwer işini we ÝUNISEF-niň köpýyllyk dünýä tejribesini birleşdirýär.
Bilelikde alnyp barylýan işler ýokary tehnologiýaly lukmançylyk
kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, çagalaryň kesellerini
irki anyklaýyş standartlaryny ornaşdyrmaga, inklýuziw bilim
maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
çäklerinde yzygiderli geňeşmeler geçirilýär, öňdebaryjy tejribeler
alşylýar we ýurdumyzda her bir çaganyň hukugyny goramaga, abadan
durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar durmuşa
geçirilýär.
...Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky
hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan maslahaty açyp, şeýle
ähmiýetli halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň
Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Soňra BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)
Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna söz berildi. Ol hemmeleri
mähirli mübärekläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak
ulgamlaryny pugtalandyrmaga bagyşlanan milli «tegelek stol» maslahatyna
gatnaşmagyň ÝUNISEF üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän
guramasynyň adyndan haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan etdi.
Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa
söz berildi.
Gaznanyň wise-prezidenti maslahata gatnaşyjylary
mähirli mübärekläp, hemmelere minnetdarlyk bildirdi we çykyşyny
BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etdi.
Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy,
hususan-da, ÝUNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir
aýdyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp,
tutuş toparyň tutanýerli zähmetini, işine ygrarlylygyny aýratyn
belledi.
Gaznanyň wise-prezidenti bu duşuşygyň maksadynyň
diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda
bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny
nygtap, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä
hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek
we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň
möhümdigine ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny
goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk»
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, eneleriň we çagalaryň saglygyny
goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça
giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi
wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul
edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek
meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn
çaga — sagdyn geljek» diýen milli ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň
gerimli işler dowam etdirilýär.
Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda ony diňe
ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleri goldamagy güýçlendirmek boýunça
milli çäreler bu tagallalaryň möhüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän
çaga beden we ruhy taýdan hemişe enesine ýakyn baglanyşykda bolýar.
Ol enesiniň ýürek urşuny, mähirli sesini eşidýär, elleriniň ýylysyny
duýýar we enelik söýgüsi bilen gurşalýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň
nerw, endokrin ulgamlarynyň ýaşyna laýyklykda dogry ösmegine, ähli
beden agzalarynyň kadaly kemala gelmegine ýardam edýär.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýokary jogapkärçiligi
talap edýän özboluşly prosesdir. Bu ýerde biz saglygy goraýyş ulgamynyň
aýratyn ornuny nygtamalydyrys. Zenanlar göwreli wagtynda, dogum we
dogumdan soňky döwürde yzygiderli, ýokary hilli maslahatlary,
amaly kömegi almalydyrlar. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa
kömegi edaralary enelere kynçylyklary ýeňip geçmäge, ene süýdi
bilen iýmitlendirmegi üstünlikli ýola goýmaga kömek etmekde esasy
orny eýeleýär. Şeýle hem bu ugurda köpçülikleýin tagallalar zerurdyr.
Mejlis, döwlet edaralary, lukmançylyk işgärleri, işewürler, raýat
jemgyýeti, jemgyýetçilik we ösüş boýunça hyzmatdaşlar — bularyň
her biri enäniň çagany iýmitlendirmek barada düşünjeli çözgütleri
kabul edip biljek we zerur goldawy alyp biljek gurşawyny döretmekde
öz ornuny eýeleýär. Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge
maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi
goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar,
eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary
peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine
goşant goşýar» diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we diňe ene süýdi bilen
iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça anyk çäreleri
işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Gaznanyň wise-prezidenti ýerli eneleri çekmek
bilen, «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramagy teklip
edip, olara ýokary hünär derejeli şepagat uýalarynyň ýa-da laktasiýa
boýunça hünärmenleriň sapak berip biljekdiklerini aýtdy. Ol bu çemeleşmäniň
käbir derejede eýýäm tejribede ulanylýandygyny, ýöne muny yzygiderli
esasda ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuşa geçirmegiň mümkindigini
belläp, munuň üçin tagalla etmegiň gerekdigini aýtdy we bu işi doly
amala aşyryp boljakdygyna ynam bildirdi.
Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda has giň möçberli maglumat
çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maşgala we jemgyýet derejesinde
ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň aýratyn ähmiýeti barada maglumatlary
ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri
döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady. «Şunda ýene-de
berk erk-isleg we işe ygrarlylyk zerurdyr. Geliň, çagalaryň abadançylygy
ugrunda bilelikde işläliň, ol bolsa enäniň süýdi bilen başlanýandyr!»
diýip, Oguljahan Atabaýewa sözüni jemledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky
hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çuň manyly çykyşy üçin
Oguljahan Atabaýewa hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer
işiniň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda diňe ene süýdi
bilen iýmitlendirmegiň Türkmenistanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş
ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, munuň her bir çaganyň
doly derejeli iýmitlenmeginiň, sagdyn we sazlaşykly ösüşiniň möhüm
şertidigi bellenildi. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny
goramak meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda
ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak enäniň, çaganyň saglygyny
goramak babatda hyzmatlaryň hataryna ornaşdyrylyp, maşgalalary
goldamak hem-de olara ýokary hilli maslahatlary bermek üçin lukmançylyk
işgärleriniň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy dowam etdirilýär.
Çykyşlarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary
esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eneligi we çagalygy
goramak, maşgala institutyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala
getirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi
aýdyldy. Türkmenistanda zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň arasynda
diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesi boýunça yzygiderli
wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu işde Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasyna wajyp orun degişlidir.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, diňe ene süýdi
bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasion şekiller görkezildi.
Onda ene süýdüniň ähmiýeti we peýdalary barada giňişleýin maglumat
berildi. Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdi.
«Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek:
subutnamalar we seljerme» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmek
ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri tanyşdyryldy
hem-de maşgalalary goldamagy güýçlendirmek boýunça birnäçe maslahatlar
beýan edildi.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça bilelikdäki
media taslamasynyň netijeleri» atly sessiýada bolsa Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ÝUNISEF,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, Zenanlar birleşigi tarapyndan
bilelikde geçirilen «Ene süýdi — iň gowy başlangyç» çäresiniň netijelerine
üns berildi. Munuň özi çagany ilkinji alty aýda diňe ene süýdi bilen
iýmitlendirmegiň möhümdigi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga
gönükdirilendir.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmekde goldaw hyzmatlaryny
berkitmek» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ylmy
taýdan esaslandyrylan peýdalary we bu ugurda okuw maksatnamalarynyň netijeleri
barada giňişleýin maglumat berildi.
«Kanunçylyk we syýasat gurşawy» atly sessiýada
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk
döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenilýändigine üns çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny
goraýan birnäçe kanunçylyk namalarynyň hereket edýändigi aýdyldy.
Şolaryň hatarynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we
goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm orny eýeleýär. Kanunyň
esasy maksady eneleriň çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň
ähmiýetini, onuň enäniň we çaganyň saglygyna ýetirýän oňyn täsirini
wagyz etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň bir bitewi hukuk esasyny
döretmekden ybaratdyr.
«Indiki ädimler» atly jemleýji sessiýada çykyş
etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
O.Atabaýewa duşuşygy jemläp, diňe ene süýdi bilen
iýmitlendirmegi ilerletmek üçin alnyp barylýan işleriň ähmiýetini
belledi we bu ugurda bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtap,
şu maslahatyň dowamynda netijeli pikir alşylandygyna ynam bildirdi.
Gaznanyň wise-prezidenti ähli milli we daşary
ýurtly hyzmatdaşlara işjeň gatnaşandyklary, bu meselä üns berendikleri
üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri bu ugurdaky tagallalary dowam
etdirmäge we çagalaryň röwşen geljegine maýa goýmaga çagyrdy.
Şeýlelikde, şu günki maslahat ýurdumyzda enäniň
we çaganyň saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri
kemala getirmek meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky
aýdyň mysaly boldy.