Şu gün zähmet rugsadynda bolýan
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda
welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş
ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik
üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş
ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli
sporty ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilýär.
...Säheriň sergin çagynda Hazaryň
kenarynyň howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy
ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp, olary täze
zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly,
Hazar deňziniň kenarynda-da ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça amala
aşyrylýan işler oňyn netijesini berýär.
Hormatly Prezidentimiz
welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren
Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet
Baştutanymyzyň tagallalary bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede
ýerine ýetirilmegi netijesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara
maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Şonuň bilen birlikde, deňiz kenarynda sport çäreleriniň hem yzygiderli
guralýandygyny bellemek gerek.
Milli Liderimiziň başlangyjy
bilen ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe
öwrüldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda
yzygiderli guralýan sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi
saglygy berkitmäge, ýaşlarda tebigata aýawly garamak duýgusyny ösdürmäge ýardam
berýär. Iň esasysy bolsa, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri saglygy
berkitmekde möhüm orny eýeleýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä
welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi Gahryman
Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň
beýanydyr. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli
hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşiň wajyp ugry hökmünde ekologik
abadançylygy üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu
ýörelgeler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işlerde-de öz
beýanyny tapýar. Syýahatçylyk we şypahana zolagynyň ähli çäklerinde
arassaçylygyň, ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine zerur üns
berilýär. Bu bolsa Awazanyň syýahatçylyk hem-de şypahana zolagy hökmündäki
ähmiýetini artdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
welosipedli ýörişiň dowamynda Hazar deňziniň giňişligini synlady. Deňziň asuda
tolkunlary çarlaklaryň owazy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda täsin duýgulary
döredýär. Bu künjegiň hoştap howasy deňziň kenarynda, Awazanyň tutuş çäginde
ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanýandygyny we bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň
emele gelendigini äşgär edýär. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde döredilen tokaý
zolaklary, seýilgähler Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen dürli maksatly
binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde her ýylda
köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi deňiz kenaryndaky bagy-bossanlygyň
çägini giňeltdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ekologik
abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel
tebigatymyzy, onuň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, Hazar
deňziniň biodürlüligini baýlaşdyrmak ugrunda möhüm işler ýerine ýetirilýär. Bu
bolsa Watanymyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe
barýandygyny görkezýär.
Awazada dynç alýanlaryň sanynyň
ýylsaýyn artýandygyny, olaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri, saglygyny
berkitmekleri üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenýändigini bellemek
gerek. Bu ýerde amatly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi
hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlyklara
beslenýändiginiň güwäsidir.
Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda
bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem bedenterbiýe-sagaldyş
hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Lukman Arkadagymyzyň belleýşi
ýaly, hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagty peýdaly we
işjeň geçirmek ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şunda
ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşi bolan welosipede uly orun degişlidir.
Welosiped ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sport ulagy hökmünde hem uly
meşhurlyga eýedir.
Welosipedli gezelençler saglyk
üçin örän peýdaly bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň gözelligini
synlamaga-da mümkinçilik berýär. Boş wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da,
säher çagyndaky gezelençler ruhuňy belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň
muşdaklarynyň sanynyň artýandygyny nygtamak zerur. Munuň özi welosportuň
ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Hazaryň kenarynda döredilen
tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz
içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup
dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli
hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlarydyr meýdançalar
türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak babatda ähli zerur şertleri
özünde jemleýär. Bu bolsa Awazanyň halkara sport merkezi hökmündäki derejesini
artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda ynsan
saglygyny berkitmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, işjeňligi
ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň üstünliklere
beslenýändigini görkezýär.