07.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýurdumyzyň lukmanlarynyň koreý kärdeşleri bilen maslahaty
Ýurdumyzyň lukmanlarynyň koreý kärdeşleri bilen maslahaty
18.02.2021 151 Habarlar

17-nji fewralda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde meşhur koreý alymlarynyň, professorlarynyň, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn teleköpri görnüşinde saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklaryna badalga berip, ony milli lukmançylyk işine täzeçil öňdebaryjy tehnologiýalaryň, keselleri anyklamagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirýär.

Iş maslahatynyň dowamynda bu ugurda alnyp barlan işlere baha berildi COVID-19 -a garşy hereket etmek bilen baglylykda, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek we umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýar bolmak we olara täsir etmek, pandemiýadan soňky täzeden dikeldiş babatdaky wezipeleri çözmek boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.