Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp,
paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda
gurulýan söwda merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Munuň özi halkymyz üçin ähmiýetli bolan desgalaryň gurluşyk işleriniň we olaryň
enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns
merkezinde saklanýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki
döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde giň möçberli şähergurluşyk
maksatnamasy amala aşyrylýar. Bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk
ýerine ýetirilmegi bolsa döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup
durýar.
...Ir
bilen türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde
ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda döwrebap görnüşde gurulýan «Depegum»
söwda merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman
Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Häzirki
döwürde ak mermerli Aşgabadyň bu künjeginde bina edilýän durmuş maksatly
desgalar bir bitewi sazlaşygy emele getirip, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň
has-da gözelleşmegini üpjün edýär. Munuň özi bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegine, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki
zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini
görkezýär.
Bu
ýerde Milli Liderimiziň garamagyna «Depegum» söwda merkeziniň bölümleri, onuň içki
we daşky bezegleri, merkeziň yşyklandyryş ulgamy barada giňişleýin maglumat
berýän şekil taslamalary görkezildi. Şekil taslamalary we olaryň özboluşly
aýratynlyklary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow hasabat berdi.
Taslamalaryň
hatarynda «Depegum» söwda merkeziniň umumy görnüşiniň, esasy girelgesiniň, onuň
işewürlik toplumynyň, täjirçilik merkeziniň hem-de merkeziň umumy eýwanynyň,
interaktiw kitaphananyň, 5D kinoteatryň, ýerüsti pyýada geçelgesiniň şekil
taslamalary hem-de olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar. Munuň özi söwda
merkezini has-da döwrebaplaşdyrmak işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy ugrunda
edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze söwda merkeziniň seýsmiki
howpsuzlyk babatda bolşy ýaly, çäk taýdan hem örän amatly künjekde
ýerleşendigini belledi. Merkeziň golaýynda «Garagum» myhmanhanasy, Aşgabat
Halkara howa menziline barýan ulag ýoly, «Jahan» döredijilik merkezi,
umumybilim berýän mekdep, ýaşaýyş toplumlary bar. Bu bolsa söwda merkeziniň
gelim-gidimli bolmagynyň esasy şertleriniň biridir. Halk Maslahatynyň Başlygy
bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze söwda merkeziniň binalarynyň guşuçar
belentlikden ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän
keşbiniň bolmagynyň, onuň daşky we içki bezeg işlerinde reňk sazlaşygyna möhüm
ähmiýet berilmeginiň esasy talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy hem-de bu
babatda maslahatlaryny berdi.
Soňra
ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlarynyň biri bolan we täze söwda merkeziniň
gurluşygy ynanylan «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş
direktory Erdal Güner merkezde ornaşdyryljak LED ekranlar, binalaryň
yşyklandyryş ulgamy, onuň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat
berdi.
Hormatly
Arkadagymyz görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, ýurdumyzda gurluşyk we
bezeg işleri amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, milli ýörelgelere uly ähmiýet
berilmelidigini, şol bir wagtyň özünde, binalaryň bezeginde yşyklandyryş
ulgamynyň sanlylaşdyrylmalydygyny, onuň dünýäniň ösen tejribesine laýyk
gelmelidigini nygtady. Merkeziň käbir ýerinde — diwarlarynda, üçeklerinde
ekranlaryň ýerleşdirilmegi, olarda mahabatlaryň, merkeziň bölümleriniň
ýerleşişi baradaky maglumatlaryň görkezilmegi bu ýere geljek adamlar üçin
amatlyklary üpjün eder. Mundan başga-da, söwda merkeziniň reňk sazlaşygynda «Garagum»
myhmanhanasynda ulanylan tejribä üns berilmegi zerurdyr. Desganyň
enjamlaşdyrylyşy we bezeg aýratynlyklary bu ýere geljeklerde ýakymly täsirleri
galdyrmalydyr.
Taryhyň
dowamynda türkmen topragynda täjirlerdir söwda kerwenleri üçin ýörite
kerwensaraýlaryň gurlandygyny, olarda argyşdan gelýän adamlar üçin hyzmatlaryň
ýola goýlandygyny belläp, Milli Liderimiz täze söwda merkezinde döredilýän
şertleriň halkara talaplara laýyk gelmelidigini, bu ýerde ulular üçin bolşy
ýaly, çagalar üçin hem ýokary derejeli amatlyklaryň döredilmegine möhüm üns
berilmelidigini aýtdy.
Şekil
taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza merkezde elektron
kitaphananyň döredilýändigi barada maglumat berildi. Onda adamlaryň,
aýratyn-da, ýaşlaryň isleg bildirýän kitaplaryny okap biler ýaly häzirki
zamanyň ösen tejribesine laýyk gelýän mümkinçilikler döredilýär. Çagalardyr
ýaşlaryň asman giňişligini, kosmosy, ylmy açyşlary öňdebaryjy ses
tehnologiýalarynyň kömegi bilen täsirli hem-de öwrediji tejribe arkaly
özleşdirmeklerinde ähmiýeti bolan ýokary hilli bilim we medeniýet meýdançasy
söwda merkeziniň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüler.
Halk
Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýaşlaryň kitap okamaklary, döredijilik bilen
meşgullanmaklary üçin döredilýän şertleriň olara edilýän hyzmatlar bilen
utgaşykly ýola goýulmalydygyny, kitap okaýanlara çaý, kofe we beýleki
tagamlaryň hödürlenilmegi ýaly hyzmatlaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Bu
bolsa merkeziň özüne çekijiligini has-da artdyrar. Hormatly Arkadagymyz
merkeziň çäginde çagalaryň elektron döredijilik bilen meşgullanmaklary, olaryň
sanly ulgam arkaly surat çekmek we dürli çyzgylary ýerine ýetirmek endiklerini
ösdürmekleri babatda zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi
ýaş nesilleriň häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, emeli aňyň
mümkinçiliklerini özleşdirip bilmeklerinde ähmiýetli bolar. Bu ýerde çagalaryň
ene-atalary üçin döredilýän şertler hem şu günüň talaplaryna, ýokary halkara
görkezijilere doly laýyk gelmelidir. Merkeziň aşaky we ýokarky gatlaryna
münüp-düşmek üçin degişli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde
kesgitlenendir.
«Depegum»
söwda merkezinde häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda, döwrebap
kinoteatryň döredilýändigi barada-da maglumat berildi. Onda öňdebaryjy
tehnologiýalar, sanly ulgamyň, emeli aňyň mümkinçilikleri netijeli
peýdalanylar. Kinoteatr uly gümmez ekranyndan, hereketli oturgyç ulgamyndan
ybarat bolup, onda ýörite tehnologiýa arkaly tomaşaçylar ýeli, suw damjalaryny,
ýakymly ysy duýup biler ýaly şertler dörediler. Bu ýerde dünýä ýurtlarynyň
taryhy, medeniýeti we esasy şäherleri bilen tanyşdyrmak mümkinçiligi-de ýola
goýlar.
Gahryman
Arkadagymyz söwda merkezinde döredilýän mümkinçilikleriň şu günüň talaplaryna
laýyk gelmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Merkezi «Garagum»
myhmanhanasy bilen birikdirýän ýapyk geçelgäniň ugrunda söwda nokatlarynyň
döredilmegi, olarda dürli önümleriň söwdasy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň ýola
goýulmagy wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde, bu geçelgäniň gatnawly ulag ýolunyň
ýokarsyndan geçýändigini nazara alyp, onuň ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyna
oňyn täsiriniň bolmalydygyny aýdyp, Milli Liderimiz geçelgäniň yzygiderli
gatnaýan ulaglara hiç hili päsgelçilik bermeli däldigine ünsi çekdi we bu
babatda maslahatlaryny berdi.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämedowyň, Merkezi bankyň
başlygy T.Mälikowyň, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýewiň, Aşgabat
şäheriniň häkimi R.Gandymowyň we «Rönesans Holding» kompaniýasynyň
Türkmenistandaky baş direktory Erdal Güneriň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi.
Ilki
bilen, Merkezi bankyň başlygy bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerini
maliýeleşdirmek bilen bagly meseleler we gurluşyklaryň depginini ýokarlandyrmak
ugrunda edilýän tagallalar barada maglumat berdi.
Milli
Liderimiz gurluşyklara gönükdirilýän serişdeleriň netijeli peýdalanylmagynyň we
satyn alynýan enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň ýokary hil derejesine laýyk
gelmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatdaky işleriň
yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Ýokary
gözegçilik edarasynyň başlygy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly,
paýtagtymyzda-da dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerine, onda ulanylýan
serişdeleriň hil derejesine gözegçilik edilýändigi we bu ugurda degişli
düzümler bilen işleriň ýola goýulýandygy barada hasabat berdi.
Hormatly
Arkadagymyz häzirki döwürde Diýarymyzyň çar künjeginde, paýtagtymyzda we
Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň batly depginde dowam edýändigini nygtap,
Ýokary gözegçilik edarasynyň bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi
gowşadandygy üçin edaranyň ýolbaşçysyna nägilelik bildirdi. Beýleki ugurlarda
bolşy ýaly, gözegçilik işlerinde sanly tehnologiýalar bilen emeli aňyň
mümkinçilikleriniň arabaglanyşygynyň seljerilmegi we olaryň ýokary derejesiniň
üpjün edilmegi wajyp wezipe bolup durýar. Halk Maslahatynyň Başlygy
gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, desgalaryň bellenen
möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belläp,
Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyndan bu ugurdaky işleriň depgininiň ýokarlandyrylmagyny
berk talap etdi.
Iş
maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp
barylýan gurluşyk işleriniň degişli edaralar bilen bilelikde üns merkezinde
saklanylýandygy we täze söwda merkeziniň dolandyryş ulgamynyň işini talabalaýyk
ýola goýmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.
Ulanmaga
berilýän binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň, olaryň çäklerinde
gök zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu
babatda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli
düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda zerur tagallalaryň
edilmelidigini nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz şäher häkimliginiň «Türkmenhowaýollary»
döwlet gullugy bilen ylalaşykly işläp, Halkara howa menzilinde üstaşyr
ýolagçylar üçin ulag üpjünçiligini, olary myhmanhanalarda ýerleşdirmek we söwda
merkezlerine aýlanyp bilmek mümkinçiligini ýola goýmak babatda bilelikdäki
tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu işleriň myhmanlar üçin bolşy ýaly, şäher
häkimligi üçin hem bähbitli boljakdygyny aýtdy. Täze söwda merkeziniň
çäklerinde köporunlyk awtoduralganyň hereket etjekdigini nazara alyp, onuň
işini netijeli ýola goýmak babatda zerur tagallalar edilmelidir.
Soňra
wise-premýer B.Annamämmedow paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk
işleri barada maglumat berip, «Depegum» söwda merkeziniň gurluşygynda ýerli
gurluşykçylar bilen türkiýeli hünärmenleriň bilelikdäki işleriniň ýola
goýlandygy, gurluşyklaryň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygy barada hasabat
berdi.
Hormatly
Arkadagymyz gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we
meýilleşdirilen desgalaryň bellenen wagtda ulanmaga berilmeginiň möhüm talap
bolup durýandygyny belläp, bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna
ünsi çekdi. Şunda täzeçil usullaryň netijeli peýdalanylmagy, aýratyn-da, Oguz
han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň ýaşlaryny gurluşyk we bezeg işlerine işjeň
çekmek, olaryň tekliplerini öwrenmek wajypdyr. Bu ýerde gurulýan binalaryň
hemme görkezijiler babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi, milli binagärlik
ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagy bilen bagly
meselelere toplumyň ähli düzümleriniň hünärmenleriniň örän jogapkärçilikli
çemeleşmelidiklerini belläp, Milli Liderimiz bu binany dolandyrmak meseleleri
boýunça taýýarlanylan çözgütler barada hormatly Prezidentimize hasabat
berilmelidigini aýtdy.
Iş
maslahatynda Erdal Güner ata Watany Türkmenistanda işlemek babatda döredilen
mümkinçilikler we wekilçilik edýän kompaniýasyna ähmiýetli taslamalaryň
ynanylýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk
bildirdi. Şeýle hem ol bu ýere gelip, özüniň maslahatlaryny berendigi üçin
Milli Liderimize hoşallygyny beýan etdi. Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistanda
doganlyk türkmen halky üçin ähmiýetli bolan taslamalary durmuşa geçirmäge
gatnaşmak «Rönesans» kompaniýasy üçin belent mertebedir.
Gahryman
Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegine
möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu işleriň ýokary derejede alnyp
barylmagynyň mundan beýläk-de bilelikde işlemäge giň ýol açjakdygyny aýtdy.
Şeýle hem ýerine ýetirilýän işleriň degişli edaralar bilen sazlaşykly alnyp
barylmagyna üns berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri alnyp barylýan
işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň, binanyň daş-töwereginde gök
zolaklaryň döredilmeginiň we dürli gülleriň ekilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Gahryman
Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere
üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.