Şu
gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň
bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli
üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de birinji mejlisi geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň
wekilleri, gurama agza döwletleriň parlament ýolbaşçylary, halkara guramalaryň
wekilleri, şol sanda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Mykyta
Poturaýew hem-de Baş sekretary Roberto Montella gatnaşdylar.
Maslahata
gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy,
ählumumy ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk
hukuk derejesine halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň
aýdyň güwäsidir.
Çykyşlarda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde BMG-niň Kararnamalary bilen üç
gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurtdugy aýratyn nygtaldy. Häzirki döwürde bu hukuk
derejesinden gelip çykýan esasy ýörelgeler — ählumumy parahatçylygyň we
howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, gyzyklanma bildirýän ýurtlardyr hyzmatdaşlar
bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi Türkmenistanyň alyp barýan
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy
dünýä halklarynyň parahatçylykda we ynanyşmakda ýaşamak däplerini
pugtalandyrmak, parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini halkara gatnaşyklaryň
aýrylmaz şerti hökmünde kesgitlemek işinde dünýä jemgyýetçiliginiň
tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Halkara gatnaşyklaryň täze
filosofiýasy hökmünde kabul edilýän bu başlangyç BMG-niň Tertipnamasynda göz
öňünde tutulan wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar.
Türkmenistan
oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek
bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, ählumumy
abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit
hyzmatdaşlygyny berkitmekde wajyp ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň
ösdürilmegine uly üns berýär. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, parlamentara dialog
döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň, diplomatiýany ösdürmegiň netijeli
guralydyr. Parlamentariler halklara wekilçilik etmek bilen, parahatçylyga,
durmuş bitewüligine, durnukly ösüşe täsir edýän syýasy gurşawy kemala getirmäge
hem-de ony has-da ösdürmäge ukyplydyrlar. Parlamentara hyzmatdaşlyk bolsa bu
ugurdaky wezipeleri durmuşa geçirmegiň iň amatly nusgasyna, ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň mazmunynyň has sazlaşykly häsiýete eýe bolýan görnüşine öwrüldi.
Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň,
umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy
giňeltmegiň wajyp şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän parlament
diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň netijeli
guralyny döretmäge gönükdirilendir.
Maslahatyň
«Özygtyýarlylygyň deňligi we umumy ýörelgeler. Halkara hukugy goldamakda
parlament diplomatiýasy» atly birinji mejlisinde ählumumy gün tertibindäki
möhüm meseleler, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak diplomatiýasyny işjeň
ilerletmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistan
halkara hukugyň berkidilmegi, halkara kadalaşdyryş binýadynyň
kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň,
beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň
ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek
hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul
edilmeginiň parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny
pugtalandyrmakda täze tapgyry açjakdygyna üns çekildi. Bu başlangyç BMG-niň
Tertipnamasynyň ýörelgelerini, wezipelerini amala aşyrmaga, hukuk sowatlylygyny
ýokarlandyrmaga, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar bilen çözmek baradaky
borçnamalary berkitmäge mümkinçilik berer. Çykyş edenler ýurdumyzyň bu ugurda
alyp barýan anyk işleriniň ähmiýetine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň
köp ýyllaryň dowamynda sebit we halkara dialogy ösdürmek meselelerinde işjeň
orun eýeläp, ÝHHG-niň, beýleki halkara guramalaryň ygtybarly hyzmatdaşy
hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar.
Çykyşlarda
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament
diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň ähmiýeti
bellenildi. 2023-nji ýylda howpsuzlygy we dialogy öňe sürmekde bitarap
döwletleriň orny baradaky pikir alyşma hökmünde binýady goýlan bu başlangyç
sebitiň öňünde duran meseleleri çözmek üçin parlamentarileri, bilermenleri,
halkara guramalaryň wekillerini birleşdirýän meýdança öwrüldi. Maslahata
gatnaşyjylar şu gezekki forumyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen
tarapyna hoşallyk bildirdiler. Bu forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä
jemgyýetçiliginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir özara gyzyklanma bildirilýän
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek
bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda hem tagalla
edýändiginiň aýdyň mysalydyr.
18-nji
noýabrda maslahat öz işini «Daşky gurşawyň howpsuzlygy, howanyň durnuklylygy we
tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak: halkara hukugy we parlament işi»,
«Tehnologiýalaryň ösüşini öňünden çaklamak: howpsuz, ynsanperwer we demokratik
geljek üçin halkara hukugy we parlament dolandyryşy» atly mejlislerde dowam
eder. Günüň ikinji ýarymynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk
syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji
Aşgabat maslahatynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.