Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary
bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw
ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan
möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýokary okuw
mekdebiniň eýwanynda Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere
bagyşlanan sergini synladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly
Prezidentimiziň paýhasyndan dörän, bilim ulgamynyň ähli işgärleri we ýaş nesil
üçin gollanma öwrülen kitaplaryna aýratyn orun berildi. Döredilýän döwrebap
mümkinçilikleriň netijesinde talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň halkara ders
olimpiadalarynda, bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerini, oýlap tapyşlaryny
görkezýän gymmatlyklar hem uly gyzyklanma döretdi. Aýdym-sazly çykyşlarda asuda
Watanymyzyň waspy ýetirildi.
Maslahatyň başynda bilim ulgamynda gazanylan
üstünlikleri beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Çykyş edenleriň belleýişleri
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli bilim özgertmeleriniň
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman
Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde hemmetaraplaýyn
bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesil kemala gelýär.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge hem-de
döwrebaplaşdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde
ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda
ylymly-bilimli, sagdyn nesli terbiýelemek babatda giň mümkinçilikler
döredilýär. Maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy
tejribelere laýyklykda özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli
kämilleşdirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda häzirki zaman
kompýuterleri, barlaghana enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary
bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklary giň gerimde dowam
etdirilýär.
2025-2026-njy okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap,
ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy
tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň
üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Okatmagyň
usulyýetini kämilleşdirmek baradaky meseleler hem maslahatda esasy üns berlen
ugur boldy. Şunuň bilen birlikde, dünýä tejribesi esasynda okuw meýilnamalaryny
we maksatnamalaryny, kitaplary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilip,
ylmy-taslama işlerini alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça
okuw-usulyýet toplumlary taýýarlanyldy. Umumybilim edaralarynda dersleri
çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek işlerine uly orun
berlip, okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň peýdalanylmagyny gazanmak babatda
tagallalar dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli
bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar, olaryň ylmy ýolbaşçylary,
ýaş mugallymlara halypalyk edýän pedagogik işgärler sylaglanyldy.
Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji
ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ruhy-ahlak
terbiýesi boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm orun
berildi. Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir
hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini,
döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan
ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär. Bitarap
Türkmenistanyň sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş
etmegi, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň çözgüdine goşant goşmagy Watanymyza
bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrýar.
Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk derejede bilim
almagynyň möhüm şertleriniň biri hem olaryň häzirki zaman maglumat
tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň
bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan wezipeler öňdebaryjy
gazanylanlaryň esasynda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini,
okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa
tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny
şertlendirýär. Bilimi ösdürmekde ulanylýan täze, geljegi uly ugurlaryň biri-de
emeli aň tehnologiýalarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyz bu ugurda halkara
guramalar, daşary ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Maslahatda bilim ulgamynda ynsanperwer gymmatlyklary
ösdürmegiň ugurlaryna hem aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer
gymmatlyklary ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bilim bilen terbiýäniň
bitewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bilim edarasynda berilýän her bir ders
ýaşlaryň diňe bir hünär bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem, olaryň pikirleniş
medeniýetine, durmuş garaýyşlaryna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de
täsirini ýetirýär.
Çykyşlarda inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik
işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada durlup geçildi. Inklýuziw bilim — bu
ukyplaryna we mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda
bilelikde okadylmagydyr. Inklýuziw bilimiň çäginde çagalaryň fiziki, akyl,
medeni-ahlak, dil we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, orta mekdeplerde
beýleki çagalar bilen bilim almagyna mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen
baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn
üns çekildi. Gaznanyň işi jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda,
ýaşlary ata-babalarymyza mahsus belent adamkärçilik, asyllylyk, hoşniýetlilik
ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde hem nusgalyk görelde bolup durýar.
Maslahatda takyk ylma degişli dersleri okatmagy
kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine
çykarmak boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Öňde goýlan
maksatlara ýetmek üçin okuw dersleri öwredilende, kompýuter tehnikalaryndan,
innowasion usullardan netijeli peýdalanmak zerurdyr. Şeýle hem halkara
guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bilim, medeniýet,
döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmak, täze dostlukly gatnaşyklary ýola
goýmak hem-de okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň
döredilýändigi aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň
terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň usullary barada-da durlup
geçildi. Mekdebe çenli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler çagalar
baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen birlikde, bilim işiniň
mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna hem gönükdirilendir. Çagalar baglarynda ýörite
okuw maksatnamalaryna laýyklykda ilkinji düşünjeler berilýär, endik-başarnyklar
kemala getirilýär. Körpeleriň aň-bilim, beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegini
üpjün etmek üçin okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatyndaky
çykyşlarda beýan edilenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
gazanylýan üstünlikleriň milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda
ösdürilýändigini aýdyň görkezdi. Onuň ahyrynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynda
bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak
boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.