Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen
myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly,
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we GDA-nyň maksatnamalaryny
durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady hem-de bu ugurda
Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary
häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň
yzygiderli ösýändigini, ähli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet, ulag-logistika
ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň
açylýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, GDA gatnaşyjy döwletleriň
Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna
hoşallyk bildirdi.
Milli
Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk
etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, mejlisiň gün tertibine birnäçe möhüm
meseleleriň girizilendigini belledi hem-de bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi
üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy. Hormatly
Arkadagymyz bu mejlisiň Arkalaşygyň giňişliginde parlament hyzmatdaşlygyny
mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin
wajyp meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk,
energetika, infrastruktura, ýurtlarymyzyň çäginden geçýän halkara ulag
geçelgeleri ýaly meseleler boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçilik bolar. Şunuň
bilen baglylykda, mejlisiň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady,
maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge
mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary
mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ilerletmegi, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen
köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, parlamentara
gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant boljak GDA gatnaşyjy döwletleriň
Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek boýunça
bilelikde alnyp barlan işler hem-de tagallalaryň netijeli utgaşdyrylandygy üçin
Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň
ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş
sekretary GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli
ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip,
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.