milli goshun logo
Ýaş nesliň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda
Ýaş nesliň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda
17.04.2025 166 Habarlar

Düýn – 16-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen we toplumda degişli bejergi alýan çagalar Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler. Çagalaryň ene-atalarynyň lukman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize aýdan hoşallyk sözleri çagalaryň aýdym-sazlary bilen utgaşdy.