milli goshun logo
Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada
Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada
17.03.2025 155 Habarlar

Şenbe güni – 15-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda müdiriýetiň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň guramaçylygyna degişli meseleler girizildi.

Mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işini mundan beýläk-de ösdürmek we bu ugurda dünýä ýurtlary bilen özara tejribe alyşmak meselelerine zerur üns berilmelidigi nygtaldy. Munuň paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde işjeň ilerledilmeginde, sogap işleriň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde ähmiýetlidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bu babatdaky işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça birnäçe maslahatlary berdi.