Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň
döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe
Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Kökleri
asyrlaryň jümmüşine uzaýan hem-de taryhyň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň
umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykarylýar. Iki döwletiň arasynda ýola
goýlan ýokary derejedäki netijeli syýasy dialog söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli
giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.
Döwletara
gatnaşyklar ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde okgunly ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli
dialogy halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli bilelikdäki
taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Türki
Döwletleriň Guramasy (TDG) bu gün halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun
eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak
boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm
bolup çykyş edýär. Bu düzüm energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.
TDG-niň
çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ähli
taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Türki
halklaryň ruhy mirasyny gorap saklamak, olaryň medeni däplerini giňden wagyz
etmek, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň, ylmy we döredijilik
jemgyýetçilikleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek guramanyň gün tertibinde
aýratyn orun eýeleýär.
Türkmenistan
oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna
eýermek bilen, synçy ýurt hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň
gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama medeni dialogy ilerletmek hem-de ynanyşmagy
pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň
daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Türki
Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyz uly şahsy goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäni
jebisleşdirmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de häzirki
döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilen döredijilikli
başlangyçlary gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň giň goldawyna we ýokary
bahasyna mynasyp bolýar.
Türki
Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň alyp barýan işi türki halklaryň
köpasyrlyk däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu geňeşiň
işine möhüm goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň paýhasy, aksakgallaryň baý durmuş tejribesi we abraýy
ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ahlak ýörelgeleri gorap saklap,
geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeleýär.
TDG-niň
çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary durnukly üstaşyr
ulag geçelgelerini döretmek, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we “ýaşyl”
ykdysadyýeti ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň
parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine türki döwletleriň mümkinçiliklerini
birleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli başlangyçlary netijeli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
...Birnäçe
sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen
bezelen Ankara şäheriniň «Etimesgut» howa menziline gelip gondy.
Haly
düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet
Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri
mähirli garşyladylar.
Hormatly
Prezidentimiz haly düşelen ýodajyk boýunça Hormat garawulynyň esgerleriniň
hataryna tarap ýöredi.
Hormat
garawulynyň esgerleriniň hatarynyň başynda döwlet Baştutanymyzy Hormat
garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz esgerlere «Merhaba, asker!» diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, «Sag boluň!» diýip jogap berdiler.
Soňra
Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki
döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.
Seýilgähde
türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.
Soňra
belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Taryhy kökleriň,
ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan bu
seýilgähde ýaş bag nahallarynyň oturdylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Soňra
dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly
çykyşlara tomaşa etdiler.
Şeýle
çykyşlar we medeni çäreler doganlyk döwletleriň kuwwatly döredijilik
mümkinçiligini hem-de ruhy baýlygyny aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi halklary
has-da ýakynlaşdyrmaga, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýle hem umumy
taryhy-medeni mirasy halkara giňişlikde wagyz etmäge ýardam berýär.
Soňra
döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Döwlet
Baştutanlary türki dilli döwletleriň milli ak öýlerini synladylar.
Bu
ýerde türkmeniň ak öýi dikilip, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we milli
aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Ak öý hemişe halkymyzyň myhmansöýerliginiň
nyşany bolupdyr. Ak öýüň içinde türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanan öý
esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary we beýlekiler ýerleşdirilipdir.
Şeýle
hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly
çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we türkmen
halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary öz beýanyny tapdy. Joşgunly «küştdepdi» tansynyň ýerine ýetirilmegi çärä
aýratyn öwüşgin çaýdy.
Häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary
esasynda bu baý taryhy-medeni hazyna aýawly saklanylyp, yzygiderli
baýlaşdyrylýar we halkara derejede giňden wagyz edilýär. Medeni mirasyň
umumylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmagy we mizemez doganlyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň şerti bolup hyzmat edýär.
Ak
öýüň ýanynda halkymyzyň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli
oturdylypdyr. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň
dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi
bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň
naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, gözelligi we ýyndamlygy
bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz
il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.
Milli
we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, ähli
ulgamlardaky okgunly ösüşiniň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny wagyz etmek we geljek nesillere
ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek üçin täze tapgyry
açdy.
Adamzat
durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanylan beýik sepgitlere hem-de wakalara baý
bolan türki halklaryň köpasyrlyk ýyl ýazgysy dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda
şöhle saçýan sahypalaryň biri bolup durýar. Ýewraziýanyň uç-gyraksyz
giňişliklerinde ýaşan türki halklar müňýyllyklaryň dowamynda döredijilikli
zähmete, ula hormat goýmaga hem-de tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga esaslanýan
özboluşly durmuş ýörelgelerini kemala getiripdirler. Şonuň esasynda adamzat
jemgyýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik döwletler döredildi.
Baý
halk döredijiligi, şadessanlar we rowaýatlar, çuňňur filosofik şygyr eserleri
türki dünýäniň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Watansöýüjiligi,
edermenligi hem-de parahatçylyga ygrarlylygy wasp edýän ynsanperwer taglymlar
nusgawy şahyrlaryň, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň
döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Bu baky gymmatlyklar häzirki wagtda
ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemek üçin egsilmez çeşme bolup, türki dilli
döwletleriň bu günki nesilleriniň arasynda ruhy gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Ýewrаziýanyň
iň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň gözbaşynda duran türkmen halky asyrlaryň
dowamynda türki dünýäsiniň umumy siwilizasion baýlygyna uly döredijilik
goşandyny goşup gelýär. Geçmişiň görnükli alymlary, şahyrlary we ussatlary
tarapyndan döredilen edebiýat, binagärlik we amaly-haşam sungatynyň naýbaşy
eserleri milletimiziň berk ruhy sütünini emele getirip, dünýä medeniýetiniň
altyn hazynasynda orun aldy. Türkmen topragynyň beýik nusgawy şahyrlary
tarapyndan wasp edilen ynsanperwerlik ýörelgeleri parahatçylygyň,
adalatlylygyň, dostlugyň we döredijiligiň belent taglymlaryny wagyz edip, ähli
doganlyk halklaryň umumy baýlygyna öwrüldi.
Dabaranyň
dowamynda döwlet Baştutanlary Türkiýäniň milli halk oýunlaryna tomaşa etdiler.
Açylyş
dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary «Malazgirt» çäreler merkezine bardylar.
Bu
ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary
kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň
aýdyň beýany boldy. Täsirli atly çykyşlar we etnografik görkezilişler türki
halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini açyp görkezdi. Olarda bedew
hemişe erkanalygyň, okgunlylygyň we wepadarlygyň nyşany bolup durýar.
Şunuň
bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak,
ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek
we atly sporty ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek
gerek. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri atşynaslygyň iri merkezi bolup
durýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli atşynaslygy ösdürmek, onuň
gadymdan gelýän däplerini gorap saklamak, behişdi bedewleriň dünýädäki
şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli işleri
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam
etdirilýär.
Mälim
bolşy ýaly, 2026-njy ýyl ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýär. Milli atçylyk pudagy täze
belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atly sportuň görnüşlerini
we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa
geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen çapyksuwarlary
şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam edip, abraýly atly sport
ýaryşlarynyň we daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly at çapyşyklarynyň
ýeňijileri bolýarlar.
Her
ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän
Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewlerine diňe bir ählihalk däl-de,
eýsem, halkara söýginiň hem nyşanydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary
bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa
milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer
ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda
däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Topar dünýäniň dürli
künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp boldy.
Çäräniň
dowamynda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.
Konsert maksatnamasy dürli halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly
däp-dessurlaryny şöhlelendirýän milli aýdym-sazlary öz içine aldy.
Umuman,
türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň
geçirilmegi türki halklaryň özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti hem-de
milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmek bilen, döwletara
hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyna itergi berýär.
Hormatly
Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.