Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk
boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki
duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi
adamlary ugratdylar.
Türkmenistan
bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik dialog köpasyrlyk dostluk
gatnaşyklaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, özara hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýar. Bu günki gün ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara
ynanyşmagyň ýokary derejesini görkezip, hil taýdan täze sepgitlere çykarylýar.
Söwda-ykdysady we üstaşyr ulag ulgamlary özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary
bolup durýar. Bu ugurda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly ýaly
bilelikdäki giň möçberli taslamalar sebiti Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn
Gündogaryň arasynda möhüm logistika merkezine öwürýär.
Halkara
giňişlikde we sebit platformalarynda tagallalary utgaşdyrmak ikitaraplaýyn gün
tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistan hem-de Gazagystan ählumumy gün
tertibiniň meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat
gelýändigini görkezýärler.
2015-nji
ýylda döredilen Akaba prosesi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy
göreşmek babatda tagallalary birleşdirmek üçin abraýly halkara meýdança
hökmünde bellidir. Bu format döwlet Baştutanlaryny, halkara bilermenleri we
tehnologik kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär.
Ählumumy
wehimleriň üýtgemegi bilen Akaba prosesiniň gün tertibi sanly giňişligi
goramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek ýaly
meseleleri hem öz içine alýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň
gatnaşmagynda Astanada geçirilýän ýokary derejeli duşuşyk bu prosesiň ösüşinde
täze tapgyry alamatlandyrýar.
Türkmenistan
BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine
eýermek bilen, Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijilik merkezi we
durnuklylygyň kepili hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy
strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili»
filosofiýasyna esaslanýar. Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyna işjeň
gatnaşmagy we BMG-niň başlangyçlaryny goldamagy tutuş sebitde hoşniýetli
goňşuçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek üçin berk binýat döredýär.
Sanlylaşdyrmagyň we emeli aňyň işjeň ornaşdyrylýan häzirki döwründe ýurdumyz
bitewi, ygtybarly tehnologik giňişligi döretmek ugrunda çykyş edýär.
...Birnäçe
sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Astana şäheriniň iki ýurduň Döwlet
baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline
gelip gondy.
Haly
düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas
Bektenow we dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly
Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.