Şu
gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly
başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, milli
buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ýurdumyzda
milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylýar hem-de milli atşynaslyk
däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
2026-njy
ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da
artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de halkara
jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy bilen tanyşmagy üçin ajaýyp
mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň
Karary bilen, dünýä derejesindäki halkara ýaryşlary ýokary derejede geçirmek
boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilmegi halkymyzyň göz guwanjyna,
asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna
öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende
galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy
Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy milli atşynaslyk
däplerini aýawly saklamak hem-de bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işlere ýardam berýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda
assosiasiýa dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleri, atşynaslary we behişdi
bedewlere aýratyn gadyr goýýanlary birleşdirýän abraýly meýdança bolup hyzmat
edýär.
Ahalteke
atyna bolan gyzyklanma we onuň gymmaty barada düşünjeler öz gözbaşyny
gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman
Arkadagymyzyň türkmen bedewi barada ýazan birnäçe düýpli ylmy-köpçülikleýin
eserlerinde müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak
aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň däp
bolan usullary beýan edilip, halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz
arabaglanyşygynyň filosofiýasy açylyp görkezilýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke
bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede
dürli çäreler geçirilýär.
...Hormatly
Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň
geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.
Soňra
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.
Döwlet
Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş
baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan
günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň
geçirilýändigini hem-de onuň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini,
şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran assosiasiýanyň
agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp
barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli
buýsanjymyz bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň gymmatly we naýbaşy
mirasydyr. Ata-babalarymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohum
arassalygyny gorap saklamaga uly üns beripdirler. Bu bedewler öz gözelligi we
çalasynlygy, şeýle hem adama bolan wepalylygy bilen tapawutlanypdyr.
«Häzirki
wagtda ahalteke bedewlerine aýratyn belent sarpa goýulýar. Ahalteke
bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Gahryman
Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady
döredildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet
Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini aýdyp, bu şanly ýylyň
dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary
boýunça birnäçe çäreleriň geçirilendigini belledi.
«Ahalteke
tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň
şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun
degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda abraýly halkara gurama öwrüldi» diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki
döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213
agzasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede
geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik
bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä
ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly
Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda 29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde durky
döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke
atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini we oňa assosiasiýanyň
agzalarynyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de geljekde-de ahalteke atlarynyň baş
sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da
kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary
dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.
Soňra
ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň
başynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň
Permanlaryny okady.
Döwlet
Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
prezidenti Marian Weltewredene, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou
Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine, şeýle hem
Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukmany
Kaido Puuseppe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş
dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň
Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi —
topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen
hormatly at dakyldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş
dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň
Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary
Begençmyrat Agamyradowa, şeýle hem Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet
Berdimuhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at
dakyldy.
Soňra
hormatly atlara mynasyp bolan atşynaslar hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.
Ilki
bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewreden
çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň döwlet sylagyna mynasyp bolmagyň özi üçin uly
hormatdygyny belläp, bu buýsançly wakanyň ýatdan çykmajak pursatlary
galdyrandygyny aýtdy. Marian Weltewreden Ýewropa ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidentine,
türkmen halkynyň Milli Liderine we ähli türkmen halkyna bu beýik hormat üçin
tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra
dabarada Aşgabat şäherinden hususy atşynas B.Berdimuhammedow çykyş edip, «Türkmenistanyň
at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň berilmeginiň öz durmuşynda buýsançly
waka öwrülendigini aýtdy hem-de Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize,
Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly
atlara mynasyp bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny ýene bir
gezek gutlady hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň
üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.
***
Soňra
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň işi dowam etdi.
Ýewropa
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyşynda
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän günlerde Türkmenistanda bolýandygyna
örän şatdygyny, şu günki mejlisde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny
nygtady. Şeýle hem ol türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we ýurduň
baş baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Marian
Weltewreden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ahalteke tohumyny gorap saklamaga
gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
Niderlandlar Patyşalygynyň “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke
bedewleriniň dünýä çempionatynyň we onuň bilen bagly halkara çäreleriň halkara
hyzmatdaşlygyň ösüşinde şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrülendigi nygtaldy.
Oňa 100-den gowrak bedew, şeýle hem dünýäniň 35-den gowrak ýurdundan wekiller
gatnaşdylar. Çempionatyň geçirilen üç gününiň dowamynda «Pilbergen» atçylyk
sport toplumy dünýäniň dürli sebitlerinden gelen atşynaslaryň, seýisleriň,
çapyksuwarlaryň, tälimçileriň, eminleriň hem-de ahalteke atlarynyň
muşdaklarynyň jemlenen merkezine öwrüldi. Dünýä çempionaty ahalteke atlarynyň
ýurtlaryň we halklaryň arasynda sport, ylym, medeni ugurlarda köpugurly halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berip bilýändigini dünýä äşgär etdi. Şunuň bilen
baglylykda, şeýle ýokary derejeli çäräni guramak boýunça öňe süren başlangyjy
we tagallalary üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk
sözlerini beýan edip, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy
Marian Weltewreden sözüni jemledi.
Soňra
mejlisde «Daqing Huiyou Breeding Co.,Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy
Liu Şutsine söz berildi. Ol dünýäniň dürli döwletlerinden atşynaslary we bedew
muşdaklaryny bir ýere jemleýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
nobatdaky mejlisinde çykyş etmegiň hem-de ýokary döwlet sylagyna mynasyp
bolmagyň uly mertebedigini we ýatdan çykmajak buýsançly wakadygyny belledi. Liu
Şutsin bu ýokary sylagyň diňe bir öz zähmetine berlen baha bolman, eýsem, Hytaý
bilen Türkmenistanyň arasynda atçylyk ulgamyndaky köpasyrlyk dostlukly
gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze mazmun bilen ösdürilýändiginiň aýdyň
nyşanydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ahalteke aty gözelligiň, ýyndamlygyň we
wepadarlygyň kämil nusgasydyr. Hytaý halky gadymy döwürlerden bäri bu ajaýyp
bedewlere uly sarpa goýup, olary «Asman atlary» diýip atlandyrýarlar. Beýik
Ýüpek ýolunyň ugrunda, halklarymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen
dostlukly gatnaşyklar häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýar. Mukaddeslik
derejesinde görülýän bu bedewler iki halkyň arasyndaky baky dostlugyň köprüsi
bolup hyzmat edýär.
«Daqing
Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Liu Şutsin
çykyşynyň ahyrynda zähmetine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we
türkmen halkynyň Milli Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi.
Soňra
mejlisde Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar
lukman Kaido Puuseppe söz berildi. Ol Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
XVI mejlisine gatnaşmaga çagyrylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Myhman hünär ýolunyň köp ýyllardan bäri atlar, hususan-da, ahalteke bedewleri
bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ahalteke atlarynyň gadymy
mekany bolan Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmak atlary ösdürip
ýetişdirmek boýunça döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşmaga, tejribeleri
baýlaşdyrmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär.
Kaido
Puusepp şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynda taryhda ilkinji gezek geçirilen
ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyň ýatdan çykmajak wakalara
beslenendigini belledi. Estoniýaly hünärmen çykyşynyň ahyrynda özüniň toplan
hünär tejribesini paýlaşmaga, behişdi ahalteke bedewleriniň bähbidine
hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz şahsy goşandyny goşmaga
mundan beýläk hem taýýardygyny aýratyn nygtady.
Mejlisde
çykyş eden ýurdumyzyň atşynaslary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň
toýlanýan günlerinde özleriniň zähmetine berlen ýokary sylag üçin türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.