Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler
birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk
gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostluk we
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident
Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça işjeň
ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialog
bu hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depgininiň möhüm şerti bolup durýar.
Şunuň
bilen bir hatarda, Milli Liderimiz özüniň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen yzygiderli geçirýän
duşuşyklarynyň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem
köptaraplaýyn meýdançalarda gatnaşyklary giňeltmek üçin pugta binýat bolup
hyzmat edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
sekizinji konsultatiw duşuşygy munuň aýdyň beýanydyr.
Bu
sammitler şu formatlara gatnaşýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmakda möhüm tapgyra öwrüldi. Ýokary
derejedäki duşuşyklar ýurtlarymyzyň parahatçylygy, abadançylygy we durnukly
ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara ynamy, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli
hyzmatdaşlygy berkitmäge umumy ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassyklady
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Prezident
Şawkat Mirziýoýewiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynyň möhüm ähmiýetini
belledi.
Şunuň
bilen baglylykda, Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny we bilelikdäki maýa
goýum taslamalaryny ösdürmek, ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmek, şeýle
hem energetika ulgamynda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda, daşky gurşawy
goramakda we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak
boýunça öňe sürlen teklipleriň uly ähmiýete eýedigini belledi.
Gahryman
Arkadagymyz GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen,
Türkmenistandan soňra GDA-da başlyklyk etmegiň Özbegistana geçmeginiň aýratyn
buýsandyryjy ýagdaýdygyny hem-de many-mazmuna eýedigini belledi we Türkmenistan
tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň doganlyk Özbegistanyň GDA-da başlyklyk
etjek ýylynda iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Awazada geçirilen sammitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm ugurlaryň, hususan-da, GDA-nyň
giňişliginde ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki önümçilikleri
döretmek, azyk we energetika howpsuzlygyny berkitmek, ulag arabaglanyşygyny
ösdürmek, şeýle hem ynsanperwer ulgamda we häzirki zaman transmilli
wehimlerine, şol sanda kiberjenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy
giňeltmek boýunça birnäçe teklipleriň beýan edilendigini aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz GDA-nyň çäklerinde we ondan daşarda parahatçylygy, durnuklylygy,
ykdysady ösüşi berkitmek üçin goşmaça mümkinçilikleriň açylýandygyna ynam
bildirdi hem-de ileri tutulýan bu ugurlary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň
Özbegistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Milli
Liderimiz Türkmenistanda guralan ýokary derejeli forumlaryň çäklerinde halkara
ähmiýetli başga-da birnäçe möhüm maslahatlaryň, duşuşyklaryň we bäsleşikleriň
geçirilendigini, şunda bilelikdäki medeni çärelere uly üns berlendigini belledi
hem-de «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginde Özbegistanyň wekiliniň baş baýragy
gazanandygyna şatdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat
Mirziýoýewi bu şanly waka bilen gutlap, şeýle çäreleriň halklaryň
ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna,
däp-dessurlarynyň wagyz edilmegine hem-de baýlaşmagyna ýardam edýändigini we
netijede döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini
aýtdy.
Söhbetdeşligiň
ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ugurlaryň giň
gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň
dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.