Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç
hatyny gowşurdy.
Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe
Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly
Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň
gowy arzuwlaryny beýan edip, Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine
bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak ýokary diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan
üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwlet bolmak bilen, ikitaraplaýyn
gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Iki ýurduň arasyndaky
döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak esasynda
alnyp barylýar. Ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklar, Hökümet
wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikler
hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Rejep Taýyp
Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň ýokary derejede alnyp barylýan
döwletara hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine täze itergi berendigini
nygtady.
Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl,
eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler
Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda halkara
syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri
boýunça, hususan-da, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly
ösüş maksatlaryna ýetmekde iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi kanagatlanma
bilen bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysady hyzmatdaşlyk barada
aýdyp, Türkiýäniň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini
nygtady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topara we işewürlik
geňeşine uly orun degişlidir.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň
halklarynyň arasynda medeniýet, ylym, sungat, döredijilik ulgamlarynda
hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz diplomatyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ýurtlarymyzyň arasyndaky
gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda ähli tagallalary
etjekdigine ynam bildirdi.
Şener Jebeji bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan edip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň
arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkiýe bilen
Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek
ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Gadyrly dostum!
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan
beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Şener Jebejini Türkiýe
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri we
ukyp-başarnyklary öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede
ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli
kabul etmegiňizi, şeýle hem meniň adymdan we Türkiýe Respublikasynyň
Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk,
Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, dostluk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa
doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.