Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen
«Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji
direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Ýaponiýada aýratyn ähmiýet berilýändigini
nygtady hem-de ýurdumyzda iş alyp barmagyň «Toyo Engineering Corporation»
kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz işewüri mübärekläp, onuň ýurdumyza amala aşyrýan şu saparynyň
dowamynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň
ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de alyp barýan
işlerinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky täze başlangyçlarynda
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky
gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Bu gatnaşyklar özara
hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar.
Döwlet
Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleriň ulanylmagynda
iri ýapon kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygyny nygtap, köp ýyllaryň
dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda bilelikdäki
taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, «Toyo Engineering Corporation»
kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola
goýlandygyny aýtdy hem-de bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly
gazhimiýa desgasynyň —polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy tejribäniň,
ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, halkara hil ölçegleriniň we ekologiýa
talaplarynyň üpjün edilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň
bardygyny aýtdy.
Işewür
türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir
gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan
şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine
ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Toyo Engineering
Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory,
wekilçilik müdiri Eiji Hosoi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.