Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk
Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk
bilen duşuşdy.
Ahmet
Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip,
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan şu gezekki
saparynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagynyň
döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Işewür
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa
geçirilendigini aýdyp, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny
nygtady. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň
Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň
aýdyň beýanydyr.
Işewür
pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkiýä amala aşyran
saparynyň ähmiýetini belledi we döwlet Baştutanymyza Hajettepe uniwersitetiniň
halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň
berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan
«Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy
tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki
wagtda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de
türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma
senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny aýtdy.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary
giňeltmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertler
döredilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistany senagat taýdan
ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanandygyna
ünsi çekip, bu giň möçberli strategiýany durmuşa geçirmäge türk
kompaniýalarynyň uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
«Çalyk
Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy ata Watany Türkmenistanda türkiýeli
işewürleriň iş alyp barmaklaryna döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi. Işewür ýurdumyzdaky iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyň türk
kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.
Duşuşygyň
ahyrynda «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň
başlygy Ahmet Çalyk türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny
ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de
özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary
hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.