Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri
Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly
gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden
peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de
Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň daşary işler
ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan
Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler
ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw
edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan
türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge
hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary
pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly,
köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler.
Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +»
formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy
pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň
çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň özi sebitde
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.
Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky
gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik
hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda
söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny
aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly
geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny
köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni,
ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu
gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň
ösdüriljekdigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri
Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.
*
* *
Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary
işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy babatda pikir alşyldy.
Şunda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar
türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli
dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen
Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji
ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.