Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly
ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň
häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Welaýatlarda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bellenen
agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile
öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen,
häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek
gurçugynyň tohumyny paýlamak işine girişildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk
görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin
agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini
belledi we häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan
wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy,
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi
guramaçylykly dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde
geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly
güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda
ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek
işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek
boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere
ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak hem-de paýlanyp berlen ýüpek gurçuklaryna
talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça
ekişinde, bugdaýa ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň
oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekinlerden bol hasyl
almaga we pudagy durnukly ösdürmäge ýardam berýändigini nygtady hem-de
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda
alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň
bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini
bellemek bilen, olary yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.