Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal
Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň
ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny,
iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Türkmenistan
we Germaniýa Federatiw Respublikasy özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we
parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Biz bar
bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň
mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýarys» diýlip, hatda bellenilýär.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Germaniýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara
ýokary baha berýändigini, bu gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak we
deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine uly
ähmiýet berýändigini belläp, türkmen-german gatnaşyklarynyň geljekde-de iki
ýurduň we halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze mazmun bilen
baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Federal Kansleri Fridrih
Merse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.