Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň
halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw
Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna
Türkmenistan bilen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege
hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
abadançylyk, Braziliýanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de
rowaçlyk arzuw etdi.