Şu
gün Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk
geçirildi.
Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp,
çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de
mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň şu gün geçirilen nobatdaky
sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, sammite gatnaşmaga çakylyk,
Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen
mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Prezident
Rejep Taýyp Ärdogana iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
goşýan şahsy goşandy üçin dostlukly ýurduň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk
bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda
yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler syýasy,
söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi
berýär.
Döwlet
Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin
amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkiýäniň
Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistan bilen
strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine Türkiýede uly ähmiýet
berilýändigini belledi.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep
Taýyp Ärdogan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň
abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça
ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.