Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin
ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew
bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewi «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine
gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin
minnetdarlyk bildirdi we Azerbaýjan Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň
aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Azerbaýjanyň Prezidentiniň sebit
hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha
berilýändigini, Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki
çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek
üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýdyp, Prezident Ilham Aliýewiň
Türkmenistana şu gezekki sаparynyň hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin
hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara çäreleriň möhüm meseleleri ara
alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli
meýdança bolup durýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman
Arkadagymyza mähirli salamyny ýollady.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzy iki halkyň dilinde,
edebiýatynda we baý däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýan çuň taryhy we medeni
umumylyk birleşdirýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamakda we mundan
beýläk-de ösdürmekde ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar, özara saparlar
aýratyn ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň iýun aýynda Azerbaýjana amala aşyran saparyny
ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu saparyň özara gatnaşyklary ösdürmäge
kuwwatly itergi berendigini belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin
Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky
dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin wajyp ädim
boljakdygyna ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan BMG, YHG
we GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler,
birek-biregiň taslamalaryny we başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Bu bolsa
taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma
bildirýändiginiň güwäsidir.
Ýurtlarymyz energetika we ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
üçin uly kuwwata eýedir. Türkmenistan we Azerbaýjan uglewodorod serişdeleriniň
baý gorlaryna eýedirler, bu bolsa giň gerimli infrastruktura taslamalaryny
durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik döredýär.
Hazar deňzi arkaly gämi we multimodal gatnawlaryny ösdürmek hem
hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we
Ýewropanyň çatrygyndaky geografik çäkde ýerleşmegi munuň üçin amatly şertleri
döredýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet, ylym, bilim we ynsanperwer alyşmalar
ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat
edinýändigini tassyklap, munuň iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegi we
dostlugy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew özara dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.