Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen
Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy
kabul etdi.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen
ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara Awstriýada möhüm ähmiýet berilýändigini
belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Federal
Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli
salamyny ýetirdi.
Döwlet
Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanyň
Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini, iki ýurduň
arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda
yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky
syýasy-diplomatik gatnaşyklar oňyn häsiýete eýe bolup, ýurtlarymyz diňe bir
ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Iki
ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat
gelmegi bolsa halkara derejede hereketleri utgaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat
edýär.
Hormatly
Prezidentimiz parlament diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda
netijeli gural bolup durýandygyny aýratyn belläp, şunuň bilen baglylykda,
türkmen-awstriýa parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky
gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. «Biz ikitaraplaýyn we
halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça parlament diplomatiýasynyň
mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy, kanunçykaryjylyk babatda tejribe
alyşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam
etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp,
Awstriýanyň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
ösüşine aýratyn goşant goşandygyny belledi hem-de iki ýurduň arasynda ulag
tehnikalaryny, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz ulgamlarynda öňdebaryjy
enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygyň üstünlikli giňeldilýändigini nygtady.
Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri doly ulanmakda bilelikdäki
türkmen-awstriýa toparynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzyň toparyň döwlet edaralarynyň we hususy ulgamyň arasynda utgaşdyryjy
hökmünde işjeň çykyş etmegini geljekde hem goldajakdygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklary
berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda
möhüm orun eýeleýär.
Döwlet
Baştutanymyz ýakynda Awstriýa Respublikasynyň Milli baýramynyň bellenilip
geçilendigini aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, bu şanly sene mynasybetli
Kristina Şwarz-Fuksy we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlady.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Awstriýa
Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuks
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň
halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.