milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.05.2023 843 Habarlar

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän toplumlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisde Serbiýa Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi.

Birnäçe ugurdaş desgalaryň durkuny täzelemek we inženerçilik-tehniki düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýekelemek we otag işleri dowam edýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli baýramçylyk konsertlerini, dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny guramak, Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň 5 — 9-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyna taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara we Aziýa tennis federasiýalary bilen bilelikde geçirjek bu ýaryşyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün birnäçe meselelere seredilendigini, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.