Düýn – 2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy, olaryň iş saparlaryny guramagy we ýaş parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny işjeňleşdirmegi esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi.