Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň
Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly
adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly
gynanç hatyny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we
ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere
bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.