Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda
Halkara parlament geňeşiniň (IPC) baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. 3-nji iýulda bolan
duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara parlament geňeşiniň arasynda parlamentara
gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hökmünde parahatçylyk söýüjilikli
daşary syýasata we hemişelik Bitaraplyk statusyna ygrarlylygy, ýurduň dürli
ugurlardaky mümkinçilikleri, iri ykdysady we infrastruktura taslamalary, şeýle
hem Türkmenistanyň Mejlisiniň beýleki ýurtlaryň parlamentleri we halkara
parlament guramalary bilen özara gatnaşyklary barada prezentasiýa görkezdi.
Pakistan tarapy Bitarap Türkmenistanyň
parahatçylykly daşary syýasatyna we ýurduň Mejlisiniň alyp barýan netijeli
halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
Soňra parlamentara gepleşikleri
işjeňleşdirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak we häzirki
döwrüň möhüm meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmäge ýardam bermek
boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary we
forumlary guramak ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň soňunda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.