Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»
habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk
toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Iş maslahatynda ilki welaýatlaryň
häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary
berdiler.
Şeýle-de häkimler Türkmenistany
2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident
Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary
diňläp, welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg
etmek, şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyldaky hasylynyň düýbüni tutmak
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm
ähmiýetini belledi we bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz
şeýle-de häkimlere şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli,
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda
wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin
işler barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly
ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleriniň, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ekişiniň dowam edýändigi, onuň gögeren ýerlerinde ideg işleriniň
geçirilýändigi barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, döwletiň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini,
döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga, suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze suwaryş ulgamlaryny gurmaga, tohumçylygy we
maldarçylygy ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini
belledi.
Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gaýtadan işleýän
senagaty çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyldaky hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.