5-nji iýulda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Arkadag we Aşgabat şäherleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny dikuçarda
amala aşyrdy. Aşgabatdan Arkadag şäherine dikuçarda ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçuşyň dowamynda ýurduň paýtagtynyň çäklerinde bar bolan
binalary, şol sanda täze gurulýan saglyk merkezlerini synlap, olaryň ýagdaýy,
gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
dikuçarda guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň
aýratynlyklaryny we lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň,
haly kärhanasynyň ýerleşýän ýerlerini hem-de gurluşyga girişmek üçin
ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň ýagdaýyny, täze şäherde bina edilýän
metjidiň gurluşygyny synlady.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda
öwrüm edip, paýtagt şäher Aşgabada tarap ugur aldy. Soňra dikuçar Aşgabatda
ýerleşýän Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň hassahanalar toplumynyň ýokarsynda
öwrüm etdi.
Gahryman Arkadagymyz bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görmek babatda, şeýle-de durmuş maksatly desgalar bilen baglylykda degişli maslahatlaryny, degerli nesihatlaryny berdi.