Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda
ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň
ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş
toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge,
önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge, kärhanalarda,
edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe
hasabatlylygyny kämilleşdirmäge, telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy,
suwuň biologik serişdelerini goramaga, migrasiýa hem-de gümrük gulluklarynyň
işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe
ugurlara degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döredilen etraplarda halk
maslahatlarynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp
giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň
çykyp giden agzalarynyň ýerine şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň
ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary
merkezi saýlaw toparynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik
birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň
ähmiýetini, saýlaw kanunçylygyny düşündirmek işine işjeň gatnaşyp, onuň
geçirilmegine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berdiler.
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä
döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky
wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara
alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 8-si geçirildi. Mundan başga-da,
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek,
döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda halkara guramalaryň
ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen
bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 26-syna gatnaşdylar. Halkara tejribeleri
öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala
aşyryldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMG-niň Ilat gaznasynyň
bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek, onuň kanunçylyk esaslaryny
berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Şunuň
bilen birlikde, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we
Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara
dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny
berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow şu ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň
ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime,
gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3
göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň
boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — mart
aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda
oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt
dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 3,7 göterim artdy. Şu
ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji
böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim
ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk
hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek
pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda
dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet,
maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň
ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi, býujet serişdeleriniň tygşytly we
maksatlaýyn peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow
ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna
çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan
nebit çykarmagyň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, polipropilen
öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy
100,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 126,7 göterim,
tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,5 göterim ýerine
ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak
boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli
peýdalanmagy, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli alyp
barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň
ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime deň
boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,7 göterime, Daşky
gurşawy goramak ministrligi boýunça 106,8 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 103,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
103 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 111,9 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 110,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 100,1 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 168,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek,
gowaça ekişini geçirmek boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Welaýatlarda
ýazky ekiş möwsüminde, oba hojalyk ekinleriniň ideg işlerinde ulanylýan
tehnikalary hem-de gurallary ýokary öndürijilikli işletmek boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini
artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda zerur
işler geçirilýär. Ýazlyk ekinleri ekmek, olara ideg etmek işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe
üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki
kadalara laýyklykda işjeň alyp barmagy dowam etdirmegi, maldarçylyk
hojalyklarynda owlak-guzy almak boýunça möwsümleýin işleri netijeli geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar —
mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan
öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,2 göterim
berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň
we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi boýunça 128,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça
104,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,4 göterim boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet
konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň
häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 116,4 göterim amal
edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere
gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak,
energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň awtomobil
ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda,
telekeçilik ulgamynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4
göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,3 göterim, şol sanda nah
ýüplügiň önümçiliginde 101,5 göterim, nah matalaryňkyda 102,9 göterim, gön
önümleriniňkide 105,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 72 birža söwdasy
geçirilip, olarda 7 müň 132 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat
edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 115,7 göterime barabar
boldy. Hasabat döwründe 2 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 107,6 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime
deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki zerur harytlaryň
üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynda öndürilýän
dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri
geçirmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini
yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa
gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly
diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli
senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni
çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli
maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Teatrlarda “Teatr
sungatynda zenanlaryň çeper keşbi” atly sahna oýunlarynyň, kinoteatrlarda,
kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişi, baýramçylyk
konsertleri guraldy.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli
ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Esasy baýramçylyk
dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” boldy. Mart aýynda Daşoguz
welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym,
toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwal guramaçylykly geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Arkadag
şäherinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda medeniýet, sungat, döredijilik
işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen çärelere
gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, medeni mirasymyzy öwrenmek,
taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow
gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kämil şahsyýetleri
kemala getirmek, bilim işiniň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam
etdirildi. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilen ders bäsleşikleri bilen
birlikde, döwrüň talabyna laýyklykda robototehnika, ylmy-döredijilik
taslamalary boýunça bäsleşikler guraldy. Materiallaryň garşylygy, nazary
mehanika dersleri boýunça V Açyk halkara internet olimpiadalary, VI Açyk
halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Okuwçylardyr talyplar
halkara ders, internet bäsleşiklerinde medallaryň 410-syny gazandylar.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak,
ylmy-barlag işleriniň amaly netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion işläp
taýýarlamalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler
amala aşyryldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş
edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy tejribelere,
innowasion tehnologiýalara esaslanýan usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak
boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejeriş çäreleri amala
aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenistanda
ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli
strategiýasy” tassyklanyp, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň strategik
ugurlary kesgitlenildi.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, halkara sport
hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara
ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazandylar. “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli
ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim,
ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, orta
hem-de ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden
peýdalanmagyň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri,
olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi,
ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Daşary işler
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler we
halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde
goýýan wezipelerini hem-de tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary
işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň
ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, mart aýynda bolsa Hytaý
Halk Respublikasyna saparlarynyň guralandygy bellenildi. Häzirki wagtda
ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat
edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we
Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli
işler alnyp barylýar.
Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunuň
bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň
Baş direktorynyň, 17 — 19-njy martda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy
berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň Baş sekretarynyň ýurdumyzda saparda
bolandygy aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi
158 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara
265 wekiliýet gitdi. Geçen üç aýda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 122-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe Türkmenistanda daşary
ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we
duşuşyklaryň 520-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň
şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 30-sy bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary
syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler yzygiderli
amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa
Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler
ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da,
hasabat döwründe Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy, Halkara
Deňiz Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Hindistan
Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan
Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen
geňeşmeler guraldy. Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup
durýar.
Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek
boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda
Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine
başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa
Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand
Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara
agentligiň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan
öz işine başladylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny,
ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly we
özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we
sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer,
ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew
gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,1 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş
depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime
barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine
ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,9 göterime, Awtomobil ulaglary
ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 125 göterime, “Türkmenhowaýollary”
döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa
ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 108,3 göterime, Aragatnaşyk
ministrligi boýunça bolsa 114 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we
aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de,
ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp
barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere
pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden doly
güýjünde peýdalanmagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, geçen üç aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri
görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň
netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi
içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini
kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze
şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de
beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy
we Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen
maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, 7-nji
aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda
sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet
berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise
gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden
gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman
Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.