16.10.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
23.09.2021 157 Habarlar

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkiýe Respublikasynda «Yerli düşünce» we «Istanbool Today», Awstriýa Respublikasynda «Galkynysh», Hindistanda «Business Central Asia» hem-de Pakistanda «The Diplomatic Insight» žurnallarynyň ýörite sanlary neşir edildi.