11.04.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.03.2021 206 Habarlar

3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine gözegçilik etmäge hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga degişli soraglaryň birnäçesi hem-de beýleki ugurlar boldy.