Şu
gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr
festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Teatr sungatynyň bu uly baýramçylygy
Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň
wekiliýetlerini, teatr sungatynyň ussatlaryny, döredijilik toparlaryny we
sungat söýüjileri bir ýere jemledi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
binýady goýlan medeni syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda milli medeniýetimiziň
ösdürilmegine we dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, milli we
halkara derejede döredijilik bäsleşikleridir festiwallar yzygiderli geçirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, Bitarap Türkmenistan ähli döwletler bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly dialogy giňeltmegi dowam etdirýär, şeýle
hem ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýar. Medeni
diplomatiýa özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, milli bähbitleri öňe sürmek we
ýurdumyzyň oňyn abraýyny döretmek ýaly daşary syýasy maksatlara ýetmek üçin
medeni alyşmalary işjeňleşdirmekde hem-de bu ugurda gatnaşyklary ýola goýmakda
möhüm orun eýeleýär.
Milli
medeniýetleriň özara dialogynyň yklymlaryň syýasy, ykdysady, medeni taýdan
ýakynlaşmagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Medeniýet dürli
halklarydyr ýurtlary birleşdirýän özboluşly köpri bolup, onuň dili hemmeler
üçin elýeterli we düşnüklidir. Döredijilik çäreleri, şolaryň arasynda teatr,
kino festiwallary, dünýäniň dürli ýurtlarynyň Medeniýet günleri, halkara
sergi-ýarmarkalar we beýlekiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň nyşanyna
öwrüldi. Bu çäreler medeni gatnaşyklary giňeltmek, halklaryň milli
gymmatlyklaryny wagyz etmek we baýlaşdyrmak, özara düşünişmegi pugtalandyrmak
ýaly maksatlara ýetmäge itergi berýär. Şunda teatr sungatyna hem aýratyn orun
degişlidir.
Gahryman
Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli teatr sungatymyz halkara ülňülere
laýyklykda ösýär, kämilligiň täze belentliklerine ýetýär. Sahna oýunlarynda
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere
galkyndyrýan kuwwatly güýji dabaralandyrylýar. Teatr sahnalarynda milli
gymmatlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Şunuň bilen
baglylykda, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar.
...Teatr
festiwalynyň açylyş dabarasy gatnaşyjylaryň ählisiniň öz ýurtlarynyň medeni
däp-dessurlaryny görkezýän baýramçylyk çykyşlary bilen badalga aldy.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň we Türkmenistanyň Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada
teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýerine ýetirilen
edebi-çeper çykyşlar özüniň baý mazmuny we çeperçilik derejesi bilen
tapawutlanyp, tomaşaçylara hem-de festiwalyň myhmanlaryna egsilmez ruhy joşgun
paýlady.
Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň talyplar topary tarapyndan ýerine ýetirilen
«Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly teatrlaşdyrylan edebi-çeper
kompozisiýada Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary we durmuşa
geçirýän dost-doganlyk syýasaty sungatyň dili bilen çeper beýan edildi. Türkmen
döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan «Janly gurjaklar» atly
edebi-çeper çykyşy, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň agzalarynyň özüne çekiji
çykyşlary we çylşyrymly akrobatik hereketleri baýramçylygyň şowhunyny has-da
artdyrdy.
«Leýli-Mejnun»
operasyndan parçanyň ýerine ýetirilmegi türkmen opera sungatynyň üstünliginiň
ajaýyp şöhlelenmesi boldy. «Türkmenistan — eziz Diýar, waspyň dillerde dessan!»
atly aýdym-sazly çykyşda türkmen halkynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basan
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy we bagtyýarlyk duýgusy öz
beýanyny tapdy.
Soňra
dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama
teatrynyň binasynda dowam etdi. Onuň zalynda ýurdumyzda teatr sungatynyň ösüş
taryhyny hem-de häzirki zaman gazananlaryny beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy.
Bu
ýerde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň
resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, festiwala
gatnaşyjy döwletleriň döredijilik wekiliýetleriniň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ugurdaş ýokary hem-de
ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary
gatnaşdylar.
Dabara
«Agzybirlik — dost-doganlyk binýady» atly teatrlaşdyrylan edebi-çeper
kompozisiýa bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, dostlugy
we medeni hyzmatdaşlygy dabaralandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary, bu ugurda
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän asylly
işleri wasp edildi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara iberen
Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Türkmenistanda bäşinji gezek
geçirilýän halkara teatr festiwalynyň medeni diplomatiýanyň aýrylmaz bölegine
öwrülendigini belläp, halkara teatr festiwallaryna dostlukly ýurtlaryň
teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň yzygiderli gatnaşmagynyň özara medeni
hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýandygyny, halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde,
sungatyň ähli ugurlary bilen birlikde, teatr sungatyna hem uly orun
degişlidigini belledi.
Bellenilişi
ýaly, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
guralmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu halkara medeni çäre türkmen bedewleriniň
şan-şöhratynyň dünýä ýüzünde belende göterilýän ýylynda özara medeni
gatnaşyklaryň bedew batly ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar.
«Dostlukly
ýurtlaryň teatr toparlaryny, režissýorlaryny, artistlerini, dramaturglaryny bir
döredijilik giňişliginde jemleýän bu halkara teatr festiwaly halklaryň
arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da dabaralandyrýar. Bu özboluşly
sungat baýramy ýaş nesilleriň teatr sungatyna söýgüsini artdyrmaga, dostlukly
ýurtlaryň teatr sungatynyň ösüşleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga uly ýardam
berer» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Dabara
festiwala gatnaşýan döwletleriň döredijilik wekiliýetleriniň gutlag çykyşlary
bilen dowam etdi. Çykyşlarda bu forumyň halklary ýakynlaşdyrmakda we
medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler halkara
teatr festiwalyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelmäge döredilen
mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de
şeýle duşuşyklaryň özara döredijilik gatnaşygynyň ösdürilmeginde täze
gözýetimleri açýandygyny nygtadylar.
Soňra halkara
teatr festiwalynyň çäklerinde ýurdumyzyň teatrlarynda tomaşaçylara görkeziljek
sahna oýunlarynyň wideoşekilli tanyşdyrylyşy boldy. Olaryň hatarynda täze sahna
eserleri we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan meşhur spektakllar bar.
Açylyş
dabarasy «Uzak ýaşa, Arkadagly Serdarymyz!» atly alkyşnama aýdymy bilen
jemlendi. Bu aýdym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň we Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň senasy bolup ýaňlandy.
Döredijilik
forumynyň dowamynda ýurdumyzyň teatrlarynda spektakllaryň görkezilişleri
guralar. Festiwalyň maksatnamasy žanr babatda dürli sahna eserlerini öz içine
aldy. Sahna eserleriniň ählisi päk duýgulara, çuňňur özboluşlylyga, keşpleriň
ynandyryjy ýerine ýetirilişine beslenendigi, hiç wagt gymmatyny ýitirmejek
ynsaplylyk, borç, söýgi we dostluk, wyždan arassalygy, adam mertebesi, ýaşaýşyň
manysynyň gözlegi ýaly mowzuklar bilen berk baglanyşýandygy bilen
tapawutlanýar.
Şeýle
hem halkara teatr festiwalynyň çäklerinde teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik
işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy ýola
goýmak boýunça iş maslahaty geçiriler.
«Bagtyýarlyk
döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy
8-nji noýabrda geçiriler. Onda festiwalyň jemleri jemlener hem-de gatnaşyjylary
ýörite diplomlar, tapawutlandyryş nyşanlary we ýadygärlik sowgatlar bilen
sylaglamak dabarasy bolar.
Şeýle
hem festiwala gatnaşyjy myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine
gezelençleri we muzeýler bilen tanyşlygy göz öňünde tutýan giň gerimli medeni
maksatnama taýýarlanyldy.
Şeýlelikde, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly teatr sungatyny ösdürmekde, milli medeniýetimizi halkara giňişlikde wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň iri medeniýet we sungat merkezi hökmündäki ornuny nobatdaky gezek tassyklady.