milli goshun logo
Türkmenistan – BMG: özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmenistan – BMG: özara bähbitli hyzmatdaşlyk
25.02.2025 191 Habarlar

Düýn – 24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny, şoňa görä-de, sebit ähmiýetli Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgelerini ilerletmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunda bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýeti bellenildi.