Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni
mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen
duşuşdy.
Duşuşygyň
öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystanyň Baştutany iki ýurduň
Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Myhman
mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halk
Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 35
ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail
Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli
salamyny, hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz
gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz myhmany gadymy we myhmansöýer
türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Şeýle hem myhmanyň döwlet
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabara
gatnaşmagynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň däp bolan dostluk we netijeli häsiýetine
eýedigini tassyklaýandygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz birek-birege ynanyşmak
we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň bu
hyzmatdaşlygyň esasyny düzýändigini belledi.
Bellenilişi
ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli we netijeli esasda ösdürilýär.
Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler hyzmatdaşlygyň geljegi uly
bolan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň maý aýynda Tatarystan Respublikasyna bolan
saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy
bellenildi.
Tatarystan
Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy
bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm
orun degişlidir.
Duşuşygyň
ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny
aýtdylar hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna abadançylyk,
gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.