Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Şu
gün biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny
dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Bu günki taryhy waka — Ahalteke
atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban
halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
«Behişdi
bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn
syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň
we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke
atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň
şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman
talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlary hereket edýär.
Ahalteke
bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan
Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, «At —
myrat» okuw merkezi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäheriniň Görogly
adyndaky döwlet atçylyk sirki hem-de 600 orunlyk athana toplumy açylyp ulanmaga
berildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejeli
bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleri halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.
Hormatly adamlar!
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly
howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we
tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny
bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri
öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu
ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.
Görşüňiz
ýaly, bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin alma hem-de käşir ösdürilip
ýetişdirilýär. Bu ýerde ekilen Babarap almasy gadymy döwürden bäri atlaryň
sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýar. Bilşiňiz ýaly, ahalteke bedewleri
käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi
ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen
ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä,
alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan
serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň
bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder. Şeýle hem toplumyň
çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümler,
barlaghanalar hereket edýär. Olarda atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny,
beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler bar.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Toplumyň
esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen
üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy,
iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen
tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli
amatlyklar döredildi.
Toplumyň
esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde
gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara
uzaýandygyny görkezýär. Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge
niýetlenen açyk we ýapyk manežler hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik
bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdança döwrebap derejede guruldy. Bu ýerde
atlar üçin niýetlenen fotostudiýa hem enjamlaşdyryldy. Onda ýylyň dört paslyny
alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri
galdyrar. Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina,
atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna
tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk
gelýär.
Topluma
gelýän ýol, şeýle-de yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň
başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen.
Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň
ýokary bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly adamlar!
Biz
ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ulanmaga
berilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu toplumyň şu gün dabaraly açylmagy
2026-njy ýylyň şygaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny
has-da şöhratlandyrýar.
Türkmen
halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen nakyllary bar. Şonuň
üçin-de, bu ajaýyp toplumda dabaraly toýlar tutulyp, at çapdyrylar, ýaryşlar
geçiriler. Halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasy bu toplumda geçiriljek
dabaralarda has-da belende göteriler. «Aty baryň — ganaty bar» diýlişi ýaly,
täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berer.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan behişdi bedewleriň mekanydyr. Şöhratly
ata-babalarymyzdan miras galan ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Ahalteke bedewleri owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen dünýäni
haýran galdyrýar.
Akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek —
diýýär.
Ahalteke
bedewleriniň waspy söz ýeterden aňyrdadyr, «asman atlary» diýlip atlandyrylan
behişdi bedewleriň taryhy halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydyr. Gadymy
döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli
döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir.
Gadymy
Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze
çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan
gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň,
atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr. Türkmen topragynyň dürli
künjeklerinde gurlan kerwensaraýlar bu ýerleriň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň
merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Häzirki
wagtda türkmen halkynyň we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty döwrüň ruhuna
kybap derejede täzeden dikeldilýär, ösdürilýär. Şunda her birimiziň
goşandymyzyň bolmagy haýyr işlere dahylly bolmakdyr. Bedewleriň iri
ýaryşlardaky ýeňşi Watanyň şöhratydyr, halkyň abraýydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň
aýdyşy ýaly, ýaryşlarda atlarymyz ozsun! Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke
atlarymyzyň şan-şöhraty hemişe belentde bolsun!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Siziň
ähliňizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly
açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan
saglygyny, bagtyýarlygy, uly rowaçlyklary arzuw edýärin.
Hormatly adamlar!
Men
öz çykyşymy bedew hakyndaky şu goşgy setirlerim bilen jemlemek isleýärin:
Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!