Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Rönesans
Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Işewür
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ata Watany Türkmenistan
bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini
aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, asyrlaryň jümmüşinden
gözbaş alýan türkmen-türk taryhy-medeni gatnaşyklarynyň däp bolan döwletara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini nygtady.
Erman
Ylyjak ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň Gahryman
Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam
etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly üstünliklere
beslenýändigini aýtdy.
Duşuşygyň
dowamynda işewürlik ugry boýunça köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň
söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, onuň mümkinçiliklerini durmuşa
geçirmäge uly goşant goşýandygy bellenildi. Ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşiň
uzak möhletleýin strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagaty ösdürmäge we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga
aýratyn üns berýär.
Gepleşikleriň
barşynda «Rönesans Holding» kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda
Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, nebitgaz,
himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga işjeň
gatnaşýandygy bellenildi.
Erman
Ylyjak Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýede duşuşmagyň özi üçin uly
mertebedigini aýdyp, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini
hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygyny tassyklady hem-de ýolbaşçylyk edýän
düzüminiň özüne bildirilen ynama tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýratyn nygtady.
Şeýle-de işewür hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary
bilen Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da
pugtalandyrylýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň
ahyrynda Erman Ylyjak türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berýändigi
üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny
bildirip, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine
ýetirmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.