Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň
aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp
barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky
işleriň barşy bilen tanyşdy.
Gün-günden gözelleşýän Arkadag şäheriniň keşbinde
häzirki zamanyň ösen tejribesi, binagärligiň döwrebap usullary öz beýanyny
tapýar. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly
depginde dowam edýär. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini
çaltlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilelikde tagalla edýärler. Ikinji
tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary we gurluşyk işlerinde
ulanylýan serişdeleriň berklik, amatlylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna
doly laýyk gelýär. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede amala
aşyrylmagyny, Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi
binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär.
...Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
täze şäheriň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň
ýanyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Gahryman
Arkadagymyz muzeýiň binasynyň daşky keşbini we bezeg aýratynlygyny synlady.
Hajy Arkadagymyz muzeýiň içiniň, daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk
ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini
belledi hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz binanyň içine girip, bu ýerde
oturdylan sanly tanyşdyrylyş ulgamynyň aýratynlyklaryny gözden geçirdi. Muzeý
gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däpleriniň häzirki günde
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini subut
edýär. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar öz beýanyny
tapar. Muzeýiň gymmatlyklary sanly ulgam esasynda görkeziler. Munuň özi Arkadag
şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň pikirleriniň peýdalanylmagynyň netijesidir.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlara, olaryň tekliplerine wajyp ähmiýet berilmelidigini
yzygiderli nygtaýar. Arkadag şäheriniň gurluşyk işlerinde-de ýaşlaryň
pikirlerini netijeli ulanmagy maslahat berýär. Çünki döwrebap pikirleniş
ukybyna eýe bolan ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Arkadag şäheri hem ýaş,
döwrebap şäherdir. Arkadagly ýaşlar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden oňat baş
çykaryp, internet arkaly innowasion tehnologiýalara degişli derejede erk edip
bilýärler, intellektual mümkinçilikleriň ähmiýeti barada düşünjelerini
paýlaşýarlar.
Bu ýerde döwrebap tehnologiýaly, 3D monitorly
animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Emeli aň tehnologiýasy
ornaşdyrylan monitorda taryhda şöhratly yz goýan we häzirki döwrümiziň
guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilen halylar görkezilip,
olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Maglumatlarda halylar, bedewler,
türkmen tebigaty öz beýanyny tapýar. Gözellikleriň ählisi haly çitimlerine
siňendir. Bu tanyşdyrmalaryň üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde amala
aşyrylmagy ýola goýlupdyr. Monitor arkaly gözleýän ugruňa degişli düwmäni
basyp, özüňi gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Innowasion
tehnologik gurluşly monitoryň ýüzünde Watanymyzyň gözel tebigatyny,
dag-derelerde, ýaýlalarda ahalteke bedewleriniň we taýçanaklaryň çapyp barýan
pursatlaryny, bedew şekilleri çitilen halylary 3D görnüşli animasion
wideoşekiller arkaly synlap bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýänlerde täsin duýgulary
döreder.
Milli Liderimiz bu görnüşleri synlap, Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa birnäçe degişli
belliklerini aýdyp, maslahatlaryny berdi hem-de şunda ýaşlaryň pikirlerini
köpräk peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. “Ahalteke bedewiniň
türkmen halysy we tebigatymyz bilen utgaşmasy ajaýyp sazlaşygy döredýär. Milli
mirasymyza degişli gymmatlyklarymyzyň tebigat bilen aýrylmaz
arabaglanyşyklydygyny halkymyza, şol sanda bu ýere geljek daşary ýurtly
myhmanlara görkezýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şeýle
innowasion tehnologik gurluşly sanly ulgamy muzeýiň ähli ýerinde ornaşdyrmagy
maslahat berdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň
ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäginde taslamalary amala aşyrylýan çagalar
bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil
taslamalary we çyzgylary görkezildi. Bu ýerde D.Orazow şekil taslamalary, olara
degişli alnyp barylýan işler boýunça maglumat berdi.
Çagalar baglaryna, mekdeplere degişli taslamalar
ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda,
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň
möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory Milli Liderimiz ýaşlar baradaky aladany hemişe öňdäki
orunda goýup, olaryň hemmetaraplaýyn düşünjeli, döwrebap pikir-garaýyşly,
sagdyn ösüp, hakyky watançylar bolmaklarynyň ýurdumyzyň geljekki ykbalyny
kesgitleýän güýçdügini nygtaýar. Şoňa görä-de, bu ýörelgeler Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli
dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürlenen şekil
taslamalary hem şol işleriň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Taslamalarda
bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýere
düşeljek we diwarlara goýuljak mermer bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri
görkezildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary, berlen
maglumatlar bilen tanyşlygyň dowamynda olara birnäçe belliklerini aýdyp, käbir
düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz
çagalar bagynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň milli
aýratynlyklar esasynda degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny
belledi. “Çünki ýaşlar alan milli terbiýesi esasynda geljekde ösüşlere goşant
goşup, Watanymyzyň bedew badyna dahylly bolarlar. “Şoňa görä-de, olaryň häzirki
wagtdan kalbynyň, aňynyň millilige ýugrulan watansöýüjilik ruhuna baý bolmagyny
gazanmak gerek” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýaş
türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi
ugrunda has amatly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň
aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak üçin
mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş
goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni
gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi,
ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny
goldamak we höweslendirmek Türkmenistanyň ýaşlar strategiýasynyň esasy
ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze
wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap çagalar baglary we
mekdepler gurulýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar
Watanyň daýanjydyr. Olar ýurdumyzyň geljegidir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap
ugrady. Milli Liderimiz toplumyň atly sport oýunlary binasyna geldi. Bu ýere
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy. Milli
Liderimize Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň
öwüt-ündewlerinden ugur alnyp taýýarlanylan şekil taslamalary görkezildi.
Wise-premýer T.Atahallyýew toplumy döwrebaplaşdyrmak,
şol sanda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de bagy-bossanlyga
öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Topluma degişli
binalaryň içki we daşky durkuny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işleriň
häzirki ýagdaýy barada giňişleýin durlup geçildi.
Hormatly Arkadagymyz beýan edilen maglumatlar we
görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara degişli käbir belliklerini
aýtdy, maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz atşynaslardan gelip gowşan
teklipler esasynda bu ýerdäki at çapyşyklaryna niýetlenen ýodanyň
döwrebaplaşdyryş işleri geçirilende, onuň düşegine öz ýurdumyzyň topragynyň
ulanylmalydygyny belledi. Çünki türkmen topragy arassalygy, peýdalylygy bilen
tapawutlanyp, bedewleriň çapyşygynda olaryň aýak urşuna kybap gelýär. Halk
Maslahatynyň Başlygy topluma gelýänleriň ahalteke bedewlerimiziň çykyşlaryny,
dürli çäreleridir ýaryşlary, şol sanda at çapyşyklaryny synlamaklary üçin ähli
amatlyklaryň bolmalydygyny aýratyn nygtady. “Özi-de halkymyzyň milli
aýratynlyklaryndan ugur alnyp, bu ýerde döredilýän amatlyklar Köpetdagyň bu
ajaýyp künjeginiň tebigy şertleri bilen sazlaşykly utgaşmalydyr” diýip,
Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde-de sanly
ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekip: “Toplumyň çägindäki
muzeýiň, edara binasynyň haýatlarynyň we bassyrmalarynyň her biriniň
döwrebaplaşdyryş işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir. Bu
ýerdäki Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini
mundan beýläk-de gowulandyryp, olar üçin has amatly şertler üpjün edilmelidir
hem-de bu işleriň gadyr-gymmatyna oňat düşünilmegi gazanylmalydyr” diýip
nygtady. Bellenilişi ýaly, at çapyşyklaryna niýetlenen toplumyň aýlaw
meýdançasynyň ýaşyl zolakly böleginiň merkeziniň bezeg serişdeleri yşyklar
arkaly döwrebaplaşdyrylmalydyr, şonuň ýaly-da toplumyň gijeki görnüşleri dürli
yşyklandyryjy we ýagtylandyryjy serişdeler bilen şugla saçmalydyr. Gahryman
Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, amala aşyrylýan işleriň
Watanymyzyň ýokary we döwrebap derejede uly ösüşleri gazanýandygyny
alamatlandyrmalydygyny belledi. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň atly sport
oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, öz seýislän
Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedewinde birsellem
gezim etdi. Aty seýislemek we at çapmak boýunça baý tejribe toplan Milli
Liderimiz bedewi ilki gorgunyna goýberdi, soňra bolsa az-kemden onuň badyny
artdyrdy. Şol pursat atyň bady tizlendi. Şeýle pursatlarda ösüşleriň
belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça
çäreleriň Maksatnamasyny tassyklamagy şu ýylyň şanly wakalarynyň üstüni
ýetirdi. “At — myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana
arzuwlaryny, beýik maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr.
Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegidir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň
bedewleri bilen baglanyşykly dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär. Şunda Milli
Liderimiziň ahalteke bedewleri baradaky düýpli ylmy-köpçülikleýin eserleri örän
uly ähmiýete eýedir. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz»,
«Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplarda gözbaşy
müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň özboluşly aýratynlyklary açylyp görkezilýär.
Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewde gezim
etmegini tamamlady. Munuň özi ynsan bilen bedewiň birek-birege bolan garaýşynyň
çuňňurdygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Milli Liderimiziň
başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň
halkara giňişlikdäki abraýy belende göterilýär. Şunda “Galkynyş” milli at
üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesinde gazanan köp sanly üstünliklerini
bellemek gerek. Ýakyn günlerde bolsa ahalteke bedewleriniň şanyna Niderlandlar
Patyşalygynda halkara çäreler geçiriler. Bu bolsa türkmeniň milli gymmatlygynyň
dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynda taryhy waka öwrüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk
sport toplumynyň girelgesiniň ýanynda ýerleşdirilen şekil taslamalaryny
synlady. Olarda Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň “Taýçanak”
binasyndan “Polatly” binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar,
şekiller görkezildi. Bu şekil taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen
baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow maglumat berip, işleriň alnyp
barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan gurluşyk, bezeg serişdeleri we
beýlekiler barada aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça işleriň
depginini gowşatmaly däldigini belledi we ýoluň gurluşygynyň ýokary hilini
üpjün etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi
ýaly, ýollarda ulaglar, adamlar üçin oňaýlylyk we rahatlyk gazanylmalydyr.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýoluň ugrunda döredilýän
bagy-bossanlyga-da aýratyn üns berilmeginiň, onuň gyralarynda atlaryň
heýkelleriniň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde oturdylmagyny üpjün etmegiň
möhümdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň hem-de
beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary işlerini sazlaşykly gurap, utgaşykly
alyp baranlarynda, ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny aýdyp, öz
maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri
ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.