Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli giňden geçirilýän
dabaralara gatnaşýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar
geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Türkiýeli
işewür Türkmenistanyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde wagt tapyp
kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy,
hormatly Prezidentimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Şeýle hem ol Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza hem-de
hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, hoşniýetli gutlaglaryny
ýetirdi. Türkiýeli işewür ata Watany Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan
dabaralaryň ýurduň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralaryň
giňden geçirilýän günlerinde myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda
kabul edýändigine şatdygyny belledi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine
iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toý şatlygymyzy
paýlaşmaga gelendigi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly,
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda
hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika,
dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda yzygiderli ösdürildi.
Duşuşygyň
dowamynda Ahmet Çalyk Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere
guwanýandygyny aýdyp, ýetilýän bu belent sepgitleriň Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara
beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp
barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.