milli goshun logo
Täze «Bagabat» şypahanasy gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary ýola goýýar
Täze «Bagabat» şypahanasy gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary ýola goýýar
02.01.2021 4428 Habarlar

2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap «Bagabat» şypahanasyna bardylar.

«Bagabat» şypahanasynda ilata ýylyň dowamynda hyzmat etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde anyklaýyş hem-de bejeriş bölümleri, şol sanda banneoterapiýa, suw we palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa hem-de SPA bölümleri hereket edýär, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar.

Otaglar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň soňky işläp taýýarlamalary bilen doly üpjün edildi.

Mejlisiň ýolbaşçylarynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň şu gezek «Bagabat» şypahanasyna baryp görmegi adamlaryň boş wagtlarynda tebigata çykmaga çalyşýandyklaryna, tokaý zolaklaryna gezelenç edýändigine şaýatlyk edýär. Çünki, adamyň durmuşy mähriban tebigatymyzyň gözelligi bilen berk baglanyşyklydyr.