Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň
alymlary Orazpolat Ekäýew bilen Rejep Jommyýewiň «Soltan Jelaletdin Menguberdi»
atly kitaby neşir edildi. Ömri watansöýüjiligiň, edermenligiň hem-de
gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrülen ägirt şahsyýet soltan Jelaletdin Menguberdiniň
geçen şöhratly ýolundan söhbet açýan bu kitap beýan ediliş usuly, taryhy
maglumatlary, ylmy häsiýeti bilen okyjyny bada-bat özüne çekýär.
Kitabyň birinji baby «Türkmenleriň Horezmşalar —
Anuşteginliler imperiýasynyň soltanlarynyň gysgaça beýany» diýlip atlandyrylyp,
onda imperiýanyň soltanlary hakynda tä Jelaletdine çenli maglumat berilýär.
Kitabyň ikinji babynda Jelaletdiniň Çingiz hanyň goşunlary bilen alyp baran
söweşleri beýan edilýär. Bapdan-baba gyzykly wakalary bilen okyjyny özüne
çekýän kitabyň üçünji baby soltan Jelaletdiniň taryhy keşbiniň Muhammet
an-Nesewiniň eserinde şöhlelendirilişi hakyndadyr. Jelaletdiniň kätibi bolan
Muhammet an-Nesewi soltany suratlandyryp, eserinde şeýle ýazypdyr: «Ol
garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de
suwarady. Onuň batyrlygy, edermenligi barada aýdyp-tükedip bolmaýar, ýöne beýan
eden söweşlerimiz hem onuň niçiksi gerçekdiginden habar berýändir. Ol
arslanlaryň arslanydy, garadangaýtmaz edermen ýigitleriň içinde iň bir
gaýduwsyzydy». Kitapda maglumat berlişine görä, Muhammet an-Nesewiniň eseri
soltanyň şahsyýetini dikeltmekde hem-de dogry beýan etmekde ygtybarly çeşmedir.
Kitabyň dördünji babynda soltan Jelaletdiniň taryhy
keşbiniň çeper eserlerde beýan edilişiniň teswiri bar. Girişden, dört bapdan
hem-de netijeden ybarat bu kitabyň üsti bilen okyjylar soltan Jelaletdin hakda
köp gyzykly maglumatlary alyp bilerler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli
gahrymanlarymyzyň sarpalanyp, olar hakda şeýle täsirli kitaplaryň halkymyza
ýetirilmegi guwandyryjydyr. Munuň özi ýaş nesli watançylyk ruhunda
terbiýelemekde, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
«Soltan Jelaletdin Menguberdi» atly täze kitap hem bu ugurdaky gymmatly
gollanmalaryň biridir.