milli goshun logo
ARTYKOGULLARYNDAN BAŞLANAN TARYHY ARTYKMAÇLYK
ARTYKOGULLARYNDAN BAŞLANAN TARYHY ARTYKMAÇLYK
03.04.2023 5350 Harby Taryh

    Türkmeniň milli buýsanjy taryhyň çuňluklarynda-da ýeriň basyndan dykyzlygyny güýçlendirip, hilini ýokarlandyrýan almaz mysalydyr.

    Söhbediň başyny 1136 – 1202-nji ýyllarda ýaşan, yslam dünýäsine wekilçilik edip, öz döwründe dünýäniň ösüşlerini başyny çeken aýratyn hem mehanikada öňe saýlanmagy başaran türkmen inženeri Ysmaýyl ibn al-Razaz al Jezeri baradaky gürrüňden baslamagy müwessa bildik. Çünki ony Günbatar döwletleri ylmy çeşmelerde «Arap dünýäsiniň da Winçisi» diýip hem atlandyrypdyrlar. Ýogsam, Leonarda da Winçi 1452-nji ýylyň 15-nji aprelinde dünýä inip, 1519-njy ýylyň 2-nji maýynda dünýäden gaýdan. Döwründen ugur alynsa, «Leonarda da Winçä Günbataryň Ysmaýyl ibn al-Razaz al Jezerisi» diýiläýjek ýaly.

    Ylym dünýäsi bu zatlar bilen öwrenişendir. Şeýle maglumatlaryň çemeni bilen tanyşmak islän okyjy Ysmaýyl Kylynçyň Stambulda 1998-nji ýylda neşir edilen «Täsinlikler dünýäsi» kitaby bilen tanyşaýmaly. Esasy gürrüň şahsyýetleriň adynyň nirede tutulandygynda däl. Adam atanyň adyny Nuh pygamberden soň tutanyň bilen üýtgeýän zat ýok ahyr aslynda. Esasy gürrüň mehanika ylmynda mehaniki hereketleriň dünýäsinde öňegidişlikleriň özeni bolup hyzmat eden «Tirsekli wal» düşünjesini açan şahsyýetiň türkmen inženeri Ysmaýyl ibn al-Razaz al Jezeriligindedir. Ol Artykogullary hökümdarlygynyň ylma berýän ünsi, döreden mümkinçiligi bilen beýgelip, biziň şu ajaýyp döwürdäki üstünliklerimize-de öz ylmy açyşlary bilen nur çaýyp duran bir beýik şahsyýetdir. Hut şonuň üçin hem makalamyzyň adyny «Artykogullary» diýen söz düzümi bilen başladyk.

    Artykogullary. Bu jümle gözüňize yssy görnüp, ýyldyrym çaltlygynda okadyňyz gerek?! Öz okan sesiňiz gulagyňyza juda mähriban eşidildi gerek?! Elbetde, şeýledir. Ol başgaça bolubam bilmez.

    Ine, indi, gürrüňiň näme hakynda we kim hakynda barýandygyny anyklanymyzdan soňra biri-birine tirkeşip, hakydamyzda hatara düzülip ugran sowallaryň jogaplaryna geçeliň. Eýsem, Artyk ogullary kim? Dünýä «Artykogullary» diýlende, ony XII — XV asyrlarda Günbatar Ermenistanda, Demirgazyk Siriýada (Şamda) we Demirgazyk Yrakda hökümdarlyk eden türki nesilşalyk diýip tanaýar. Açyk aýdyň türkmen diýilmeýän bolsa-da, türki diýilse ýene ýagşy, bir diş alkyma geläýýär.

    Saýlamasy kyn ygtybarly we ygtybarsyz maglumatlardan hyň berýän sanly ulgamyň elýeterli edýän maglumatlaryny bize Artykogullary hökümdarlygynyň gözbaşynda duran Artyk atly şahsyýet hakyndaky gürrüňleriň Daňdanakan söweşinden soňra soltan Alp Arslanyň zamanynda çykyp başlandygyny habar berýär. Bar bolan maglumatlara görä, 1063-nji ýylda Artyk türkmen ýigitleri bilen bilelikde soltan Alp Arslanyň ýygnyna goşulyp, serkerdelik edip başlapdyr. Bu bolsa Artyk begiň öz hökümdarlygynyň ilkinji ädimlerini dünýä türkmenleriniň ata Watany bolan türkmen topragyndan, has takygy, häzirki Türkmenistanyň topragyndaky gadymy Horasandan başlandygyna şaýatlyk edýär.

    Daňdandanakan. Seljuk nesilşalygy. Öz ykraryýetiniň ilkinji ädimlerini Daňdanakan söweşinden soň Horasana dolan türkmenleriň arasynda adykmakdan başlan Artyk begiň esaslandyran Artykogullary hökümdarlygy soň-soňlar Anadoluda Diýarbekirde, Mardinde we Harput töwereklerde 1102-1409-njy ýyllarda höküm sürýärler. Artyk begden soň hökümdarlygyň başyna onuň Sökmen bilen Ilgazy atly ogullary geçýär. Artykogullary hökümdarlarynyň dünýä medeniýetine uly goşant goşandygygy dogrusyndaky maglumatlar taryhyň anyk maglumatlarydyr.

    Häzirki «Ösen tehnologiýalar» diýilýän düşünjeleriň hut türkmen nesilşalyklarynyň dünýä ylmyna goşan goşantlaryndan gözbaş alyp gaýdandygy, eýsem, buýsanç dälmidir?! Artykogullary türkmenleri taryhda ilkinji robotlary, mehaniki, gaýyklary oýlap tapypdyrlar. Artyk ogullary türkmenleri hakynda olaryň ylmy açyşlarynyň, oýlap tapmalarynyň medeniýeti hakyndaky maglumatlary türkmen inženeri Ysmaýyl ibn al-Razaz al Jezeriniň «Adatdan daşary mehanik gurallaryň maglumatlary hakynda» kitabyndan tapmak bolýar. Artykogullarynyň oýlap tapan syrly gulplary, özi saz çalýan saz gurallary, özi meý guýýan we beýleki birnäçe adaty bolmadyk mehaniki gurluşlar dogrusynda gürrüň berýän bu kitap öz aslymyza bolan buýsançlara buýsanç goşýan ylmy çeşmeleriň biridir.

    Taryhyň bu buýsançly şahsyýeti dogrusynda Said Abdusamadow «Yslam dünýäsiniň da Winçisi. Raketalar, robotlar we «çüýşe turbajyklardaky ýaşaýyş» atly işinde-de has içgin durup geçýär. Ysmaýyl ibn al-Razaz al Jezeri barasynda arap hökmünde çemeleşýän awtor kitabynda: «Taryh başgaça bolmadyk bolsady, onda Aýyň ýüzünde birwagtlar ýüzi ýarymaý şekilli ýaşyl baýdaklar durardy» diýlen sözleri ýazan adamyň musulman asylly däldigini belleýär. Ýöne taryhyň başgaça bolandygyny, Tigr derýasynyň suwy oňa oklanan kitaplaryň syýasyndan ýaňa tutuş alty aýlap gap-gara bolup akandygyny. Bagdady basyp alan we ony tutuşlygyna ýakyp-ýandyran mongollaryň ylma iň güýçli derejede urgy edendigini belleýär.

    Mongol basybalyjylarynyň wagşyýana çozuşlarynyň öňüsyrasyndaky döwürlerde Şam (häzirki Siriýa), Bagdat we Müsür türkmen hökümdarlyklarynyň ellerindedigini bilýän wagtymyzda Said Abdusamadowyň: «Paýhas öýi» adyny alan ylmy merkezini tozduran, dünýäniň şol wagtky iň baý kitaphanasyny Tigr derýasyna gark edenem hut şolar» diýen sözleriniň hut türkmenler bilen aýrylmaz baglydygyna düşünmek kyn däl.

    Türkmen inženeri Ysmaýyl ibn al-Razaz al Jezeriniň çyzgylarynyň esasynda ulaglar dünýäsiunden Oguz han döwründe döredilen ilkinji arabalaryň tigirlerinden soň iň ähmiýetli wajyp bolan tirsekli wal (kolençatyý wal) döredilýär. Onuň çyzgylarynyň esasynda iki gulakly suw sorujy enjam (nasos), her ýarym sagatdan wagty duýduryp durýan suwly sagat, suw çüwdürimler hem-de 1206-njy ýylda köpçülige görkezilen adam şekilli robotlar döredilýär. Ysmaýyl ibn al-Razaz al Jezeri mundan hem başga onlarça enjamlardyr serişdeleri döreden (oýlap tapan) inženerdir.

    Hytaýlylaryň däri partlamalaryny önümçilige berendigi, grekleriň bolsa garşydaşlarynyň gämilerine nebitden we selitradan ybarat bolan düzüm bilen ot berendikleri hemmelere mälimdir. Şonuň üçin ol döwürlerde, eýýäm, partlaýjy serişdeleriň edil bir «Jadyly ýarag» hasaplanylmaýandygynam biz bilýäris. Ýöne şeýle-de bolsa haçparazlardan halas bolmak üçin söweşlerde yslam dünýäsi gadymky söweş tärlerine az bolmadyk şowhun getiripdi. Şol döwürlerde türkmen halkynyň yslam dünýäsiniň ylym we harby gorag meselesinde esasy güýje öwrülendigi taryh üçin täzelik däl.

    Harby çaknyşyklarda gadymy söweş sungatyny täze usullar we serişdelerdir gurluşlary bilen baýlaşdyran musulmanlar 1250-nji ýylda al Mansurda franklaryň garşysyna söweşlerde ulanypdyrlar. Şaýatlar şonda musulmanlaryň garşydaşlarynyň üstüne otly şarlary toganandyklary we ýewropalylara uly şikes ýetirendiklerini we şonda aljyraňňylyga düşen Lýudowik IX ýesir düşendigini ýazýarlar.

    1260-njy ýylda Aýn-Jalutdaky söweşde, ýagny mongollar garadangaýtmaz, maksada okgunly, Hakdan özge hiç kesden heder etmedik, taryhda ilkinji gezek guduz ady bilen meşhur bolan serkerde, Müsüriň ilkinji memluk hökümdary Aýbeg Türkmeniň döwründe taryhy sahnada has köp peýda bolan, 1259-njy ýyl Müsüriň soltany diýlip yglan edilen, «Muzaffar» – Ýeňiji, ýeňiş gazanyjy diýen lakamy dakylan Seýfeddin Guduz bilen dikleşenlerinde hem duýupdylar.

    Soltan Guduz Horezmden tä Palestina topraklaryna çenli aralykda ulanylan ýalňyş strategiýadan ýagny, tatarlaryň hüjümine garaşyp, soňra olar bilen söweşe girýän usuly inkär edipdir. Ol mongollar heniz Müsüre gelmänkä, başga bir ýerde olar bilen garpyşmagy maksada laýyk bilipdir. Şonuň üçin hem döwletiň çäginden daşary bir ýeri saýlap alypdyr. Guduz Aýn-Jalut diýen ýeri söweş üçin amatly ýer hasap edipdir. Şondan soň Seýfeddin Guduz emir Rukneddin Beýbarsy köp sanly esgerlere baştutan edip, aňtaw maksady bilen hereket edýän we duşmany gapyl basýan «akynçy» goşun hökmünde ýörişe ugradypdyr. Emir Rukneddin Beýbarsyň ýolbaşçylygyndaky Palestina tarap ýola düşen memluk goşuny 1260-njy ýylyň iýul aýynda Gazzada ornaşan mongol-tatar garnizonyny ýer bilen ýegsan edýär. Soňra olar Guduzyň beýik söweş üçin saýlap alan Aýn-Jalut diýen ýerine – demirgazyk tarapa süýşüpdirler. Soltan Guduz aňtaw-razwedka habarlaryny hem doly peýdalanypdyr.

    Seýfeddin Guduz Rukneddin Beýbarsyň ýolbaşçylygyndaky aňtaw goşunyny öňünden iberip, özi olaryň yzyndan agyr goşun bilen barýardy. Seýfeddin Guduz 1260-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Aýn-Jalut diýilýän ýere baryp ýetdi. Gün dogup, jahan ýaňy ýagtylyp başlanda iki tarap görlüp-eşidilmedik gazaply söweşe girdi.

    Oglanlygyndan ýüreginde göteren arzuwyny hasyl eden, Horezmşa soltan Jelaleddin Menguberdiniň ýegeni, soltan Seýfeddin Guduz dünýäni mongol howpundan halas etmekde aýgytly ädimi ätdi. Taryhy ähmiýetli uly ýeňiş gazandy. Makalanyň başyragynda belläp geçişimiz ýaly mongollar bu uruşda söweş taktiasynyň, strategiýasynyň täzelikleri bilen şol bir wagtda duýupdyrlar. Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, bu söweşde türkmen hökümdarynyň sarsmaz goşunyny düzýän mamlýuk esgerler henize çenli o diýen garaw görmedik sähra atlylarynyň howuny oklary çalşylýan «midfa» atly göçme toplary hem-de gümpüldäp ýarylýan peşeň oklary bilen ýatyrypdyrlar. Söweşiň şeýle usuluny alyp baran memluk esgerleri oda durnukly eşikleri geýipdirler we elleriniň ýalaňaç ýerleri oda çirkizilmez ýaly gysymlap çäge sepeläpdirler.

    Şamly alym Hasan al Rammi 1275-nji ýylda dünýäde ilkinji bolup, reaktiw torpedanyň çyzgysyny çyzdy. Bu reaktiw hereketlendirijä berkidilen iki sany gönükdirijili adaty partlaýjy bombady. Bu başlangyç şol çyzgydan 500 ýyl geçeninden soňra ösüş gazanyp başlady.

    1291-nji ýylda musulmanlar Akra söweşinde haçparazlaryň oňurgasyzyny ýazdyrmagy başarýarlar. Akra gabawa alnanda galanyň diwarlarynyň aşagynda däri partlaýjylaryny gömdüler, demir oklaýjy zyňyjy gurluşlar şähere bombalary oklaýardylar. Ýaýçylar bolsa peýkamlaryna ykjam partlaýjy enjamlary berkidip atýardylar.

    Sähel soňrak bolsa has uly toplar 1453-nji ýylda osmanly soltan Mehmet tarapyndan birinji gezek Konstantinopolyň gabawynda ulanyldy. Olaryň her biriniň agramy 32 tonna barabardyr. Ol galanyň diwarlaryny ýykmakda uly goldaw boldy we birnäçe gün yzygiderli ulanylmakdan ýaňa ýaryldylar.

    Ysmaýyl Kylynçyň Stambulda 1998-nji ýylda neşir edilen «Täsinlikler dünýäsi» eserinde: «Basyş, awtomatik silindr, awtomatik çeşme we surahileriň ilkinji bolup Jezeri (1136 — 1206) tarapyndan ýasalandygyna, şol adamyň teoriýa hökmünde kompýuter logikasyny orta atmak bilen, onuň oýlap tapyjy bolandygyna garamazdan, ol Şarles Babageniň adyna gidipdir. Ýagny, kibernetikanyň asyl guraýjysy Jezeri bolupdyr» diýip bellenilýär.

    Sanly ulgama berilýän ünsi güýçlendirmek arkaly bu maglumatlar bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligini elýeterli eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Serdarymyz,  Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!