29.07.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy: halk bähbitli täze başlangyçlar
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy: halk bähbitli täze başlangyçlar
12.06.2021 97 Habarlar

11-nji iýunda paýtagtymyzda saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň 2021-nji ýyldaky I mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen guralan çärä, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem şäher hassahanasynyň we saglyk öýleriniň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Çärede Türkmenistanyň “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek hakyndaky”, “Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Kanunynyň taslamalary ýaly temalarda çykyşlar we wideo-tanyşdyryşlar edildi. Şeýle hem häzirki wagtda esasy ileri tutulýan ugurlardan biri bolan sanly saglyk ulgamlaryny ornaşdyrmagyň taraplary meselesini gözden geçirdiler.