milli goshun logo
RAÝAT GORANYŞY: anyk çäreler, netijeli işler
RAÝAT GORANYŞY: anyk çäreler, netijeli işler
18.10.2025 46 Okuw kurslary

Täze taryhy eýýamda Watanymyzyň her bir güni joşgunly zähmete, ajaýyp üstünliklere beslenip, at-abraýy dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda belent maksatly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle asylly işleriň çäginde ilatymyzy we halk hojalyk ähmiýetli desgalary adatdan daşary ýagdaýlardan goramak möhüm wezipeleriň biridir. Bu babatda «Raýat goranyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle hem «Raýat goranyşy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny 2019-2030-njy ýyllar aralygynda durmuşa geçirmegiň Döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi, welaýat, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleri tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar. Şunda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagyny we ýok edilmegini üpjün etmekde raýatlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak, maglumat elýeterliligini gazanmak maksady bilen raýatlaryň işleýän, okaýan we ýaşaýan ýerlerinde, okuw usulyýet merkezlerinde, geçirilýän tapgyrlaýyn okuwlar, türgenleşikler, wagyz-nesihat işleri oňyn netijesini berýär.  Şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda metbugat sahypalarynda habarlaryň halk köpçüligine ýetirilip durulmagy bu işleriň giň gerimde alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ilatyň arasynda geçirilýän bu işlerde raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň raýat goranyşy bölümleri tarapyndan ýüze çykmagy ähtimal adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň öňüni alyş çäreleri yzygiderli öwrenilýär. Eger olar ýüze çyksa edilmeli işler, aýratyn hem, ýangynlaryň, şol sanda tebigy ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin geçirilmeli çäreler boýunça türgenleşikler alnyp barylýar. Ýer titremesi, suw joşmasy ýaly tebigy hadysalar ýüze çykanda raýat goranyşyny guramak, onuň aýratynlyklary we halas ediş işleri hem-de bu howplaryň netijesinde ýetirip biläýjek zyýanlar barada wagyz-nesihat duşuşyklarynda aýratyn bellenilip geçilýär.

Raýatlaryň arasynda tejribeli hünärmenler we bilermenler howanyň aşa gyzmagy, sowamagy, ýer titremesi, ýangyn döremegi we beýleki ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri hem-de usullary barada gürrüň berýärler. Şeýle çäreler çagalaryň arasynda hem geçirilip, howanyň aşa gyzmagy netijesinde döräp biläýjek howplar, tebigy hadysalar ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we sagdyn durmuş ýörelgeleri barada düşündiriş işleri alnyp barylýar. Bu çäreleriň bäsleşikler esasynda geçirilmegi bolsa watançy «ýaş halasgärleriň» sanynyň artmagyna ýakyndan ýardam berýär.

 

Taňryberdi AŞYROW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy müdirliginiň uly hünärmeni, podpolkownik.