milli goshun logo
Bagtyýar çagalyk
Bagtyýar çagalyk
14.07.2022 1151 Okuw kurslary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary, goldaw-hemaýaty bilen ýaş nesiliň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri, olaryň dünýä derejesinde döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň göwnejaý dynç almaklary ugrunda uly aladalar edilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky, Gökdere jülgesindäki we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan, täsirli hem-de netijeli geçirmekleri üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat hem-de Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda dynç alýan çagalaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri, şeýle hem «Ýaş halasgär» atly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bäsleşiklerde ýeňiji bolan toparlara guraýjylaryň adyndan höweslendiriji sowgatlar gowşurylýar.

«Raýat goranyşy».